2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy

  • 21.04.2024 10:19
  • 11k+

Awstriýanyň “Zalsburg” kluby Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginden (UEFA) 2025-nji ýylyň täzelenen Klublaýyn dünýä çempionatyna iň soňky gatnaşyjy boldy.

Çarşenbe güni Angliýanyň “Arsenaly” myhmançylykda Germaniýanyň “Bawariýa” klubundan utulyp, Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykyp bilmedi. London klubunyň ýaryşdan çykmagy netijesinde Awstriýanyň “Zalsburgy” bu ýaryşa gatnaşmaga mümkinçilik gazandy.
Şeýlelik bilen, täzelenen ýaryşda Ýewropa 12 klub wekilçilik eder: “Mançester Siti”, “Çelsi” (ikisi-de Angliýa), “Real”, “Atletiko” (ikisi-de Ispaniýa), “Bawariýa”, Dortmundyň “Borussiýasy” (ikisi-de Germaniýa), “Inter”, “Ýuwentus” (ikisi-de Italiýa), “Portu”, “Benfika” (ikisi-de Portugaliýa), “PSŽ” (Fransiýa) we “Zalsburg” (Awstriýa).
2025-nji ýylda Klublaýyn dünýä çempionaty 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da 32 toparyň gatnaşmagynda täzelenen görnüşde geçiriler. 24 klub eýýäm ýaryşa saýlandy.


düýn 18:20
2.8k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....

düýn 11:10
8.2k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

11.06.2026 23:57
3.8k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

11.06.2026 16:18
12k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......