2 altyn, 3 kümüş, 13 bürünç: türkmen okuwçylary «Infomatrix-Asia-2023» halkara bäsleşigine gatnaşdylar

  • 21.12.2023 21:24
  • 9.8k+

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Gazagystanda mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda geçirilýän «INFOMATRIX-ASIA» atly halkara IT (maglumat tehnologiýalary) taslama bäsleşiginde çykyş edip, 2 altyn, 3 kümüş we 13 bürünç medal gazandylar.

Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň goldamagynda «Bilim — innowasiýa» Halkara jemgyýetçilik gaznasynyň «INFOMATRIX-ASIA» atly halkara IT (maglumat tehnologiýalary) taslama bäsleşigi 16-18-nji dekabr aralygynda geçirildi.
Halkara bäsleşigine taslama işi bilen internet arkaly hasaba alnyp, jemleýji (final) tapgyryna jemi 18 sany okuwçy gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bu bäsleşige Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Gonkong ýaly dünýäniň 10 döwletinden jemi 450 sany okuwçy gatnaşdy.

Türkmen mekdep okuwçylarynyň bäsleşikde gazanan netijeleri şulardan ybarat:

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary:

  • Akmyradowa Medine baş baýraga we altyn medala;
  • Alymuhammedow Yhlasmyrat bürünç medala;
  • Mergenow Oguzhan bürünç medala;
  • Akmyradow Çary bürünç medala;
  • Annamämmedow Döwran bürünç medala;
  • Seýdiýew Kerem bürünç medala;
  • Akynyýazow Abdyrahym bürünç medala;
  • Myratlyýew Kerimberdi (10-njy synp okuwçysy) bürünç medala mynasyp boldy.

Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň:

  • 10-njy synp okuwçysy Şöhradowa Mähriban altyn medala;
  • 11-njy synp okuwçysy Jomartow Selim bürünç medala;
  • 11-nji synp okuwçysy Garlyýewa Humaý bürünç medala;
  • 11-nji synp okuwçysy Orazgeldiýewa Selbi bürünç medala;
  • 9-njy synp okuwçysy Gylyjow Osman bürünç medala;
  • 9-njy synp okuwçysy Orazow Hakberdi bürünç medala;
  • 8-nji synp okuwçysy Bäşimow Rejepmämmet bürünç medala mynasyp bolmagy başardy.

Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň

  • 10-njy synp okuwçysy Annamämmedow Hajyguly kümüş medala;
  • 10-njy synp okuwçysy Täçmyadow Dawut kümüş medala;
  • 9-njy synp okuwçysy Nobatow Suhan kümüş medala mynasyp bolmagy başardy.

Zehinli mekdep okuwçylarynyň taslama işlerine Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň informatika mugallymy Öwezgeldi Janalyýew, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Kümüş Çolukowa we matematika Gurbanmyrat Jelaletdinow, Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy Ýagmyr Şamyradow ýolbaşçylyk etdiler.


düýn 20:28
973

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň uniwersitetleri akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

Tokio şäherinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň......

08.05.2026 22:36
2.9k+

Türkmen talyplary Sankt-Peterburgdaky halkara matematika olimpiadasynda baýrakly orunlary eýeledi

Sankt-Peterburgyň ITMO uniwersitetiniň binýadynda geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň XII halkara matematika olimpiadasynda (NCUMC-2026) türkmen talyplary uly üstünlik gazandy. Bäsleşik......

08.05.2026 12:46
1.4k+

Türkmenistan Skopýede geçirilen demografik durnuklylyk boýunça maslahata gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Makedoniýanyň paýtagty Skopýe şäherinde geçirilen Demografik durnuklylyk boýunça «Leading Change: People-centered paths to demographic resilience» atly sebit ministrler maslahatyna......

01.05.2026 23:32
10k+

Türkmenistanda geljekki birinji synp okuwçylaryna kompýuter sowgat bermek däbi dowam etdiriler

Türkmenistanda täze okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterleri sowgat bermek boýunça asylly däp dowam etdiriler. Degişli Karara anna......