Samsung Galaxy S24 smartfonlarynyň tanyşdyryljak we satuwa çykaryljak senesi belli boldy

  • 22.11.2023 15:07
  • 16k+

Mälim bolşy ýaly, Samsung flagman Galaxy S24 smartfonlaryny çykarmaga taýynlanýar. Bu tapgyr üç modeli öz içine alar: Samsung Galaxy S24, Galaxy S24+ we Galaxy S24 Ultra. Ýakynda Günorta Koreýanyň The Elec neşiri enjamlaryň goýberiljek senesi barada jikme-jiklikleri aýtdy.

Şol maglumatlara görä, Samsung Galaxy S24 seriýasy 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda resmi taýdan yglan ediler. Deslapky sargytlary kabul etmeklik bildirişiň yzýany derrew başlar we sargytlaryny hasaba aldyran ulanyjylar 26-njy ýanwardan 30-njy ýanwara çenli aralykda smartfonlary alyp bilerler. Satuwlar 2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda bütin dünýäde açylar.


23.03.2026 00:03
4.9k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

21.02.2026 10:19
2.8k+

Samsung alty aýlyk arakesmeden soň Galaxy S25 we beýleki modellerde Google Play-i täzeledi

Samsung Galaxy enjamlarynyň ulanyjylary 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Google Play ulgamynyň täze täzelenmelerini alyp başladylar. Bu täzelenme köp sanly enjamlar, şol sanda flagman Galaxy S25 modeli üçin 2025-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji wajyp düzediş boldy...

12.02.2026 17:41
5.7k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar...