Volkswagen islegiň pesligi sebäpli 2 elektromobil modeliniň önümçiligini togtadar

  • 29.09.2023 15:14
  • 6.1k+

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil öndürijisi islegiň garaşylýandan pesligi sebäpli oktýabr aýynda iki elektromobil modeliniň önümçiligini togtadar we beýleki modelleriň önümçiligini azaldar. Bu barada MarketWatch kompaniýanyň wekiline salgylanyp ýazýar.

Hususan-da, 2-nji oktýabrdan 13-nji oktýabr aralygynda Germaniýanyň Swikkau şäherindäki zawodda Volkswagen ID.3 we Cupra Born awtoulaglarynyň önümçiligi togtadylar.
Mundan başga-da, ID.3 önümçilik zynjyryny ýapýan Drezdendäki Volkswagen zawody togtadylar we 16-njy oktýabra çenli işlemez. Swikkaudaky kärhanada Audi we Volkswagen brendleri bilen çykarylýan awtoulaglaryň önümçiligi hem iki hepde haýalladylar.

“Biz bazar ýagdaýyny göz öňünde tutup, önümçilik meýilnamalaryny üýtgetmeli bolýarys, häzir bazarda näbellilik bar” – diýip, konserniň wekili belleýär.

Sentýabr aýynda Volkswagen islegiň pesligi sebäpli Swikkaudaky zawodda 269 işgäriň işden çykaryljakdygyny habar beripdi.


18.03.2026 09:40
2.5k+

Volkswagen panorama üçekli we rahat dynç alşa niýetlenen täze krossowerini hödürleýär

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni täze elektrikli ID.Unyx 08 krossoweriniň içki dizaýnyny tanyşdyrdy. Bu modeliň 2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde satuwa çykarylmagyna garaşylýar. CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, awtomobil ID...

01.03.2026 21:56
3.6k+

Volkswagen müşderilerine iki million elektromobil gowşurdy

Volkswagen jemi 2 million satylan elektromobil görkezijisine ýetdi. Ýubileý awtomobili Germaniýanyň Swikkau şäherindäki zawodda öndürilen we Drezden şäherindäki Gläserne Manufaktur merkezinde eýesine gowşurylan ID...

06.02.2026 10:44
3.6k+

Volkswagen täze pikap ulagyny guşuň ady bilen atlandyrdy

Volkswagen kompaniýasy Braziliýanyň bazary üçin ýörite işlenip düzülen täze pikapynyň ilkinji resmi suratyny çap etdi we onuň adynyň Tukan (Tukan guşunyň hatyrasyna) boljakdygyny tassyklady. Bu täze model, adybir guşuň çüňküne mahsus bolan açyk sary reňki bilen tapawutlanýar...

25.01.2026 17:32
3.3k+

Volkswagen Touareg ýitenok: Hytaýda V6 hereketlendirijili 2026-njy ýylyň modeli tanyşdyryldy

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda özüniň flagman wnedorožniginiň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Touareg 2026 3.0 TSI Elite diýlip atlandyrylýan bu modeliň bahasy 756 000 ýuan (takmynan 108 400 amerikan dollary) bolup, ol diňe Hytaý bazary üçin niýetlenendir...