Hytaý çuňlugy 10,5 müň metrden gowrak bolan täze aşa çuň guýyny burawlap başlady

  • 24.07.2023 11:30
  • 11k+

Hytaý ikinji aşa çuň gözleg guýusyny burawlap başlady. Bloomberg-iň Hytaýyň Sinhua agentligine salgylanyp berýän habaryna, guýynyň taslamadaky çuňlugy 10,520 metrdir.

Guýy Syçuan çöketliginiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Bu ýer Hytaýyň esasy gaz öndürýän sebiti hasaplanýar. Täze taslamanyň maksady –aşa çuňlukdaky tebigy gaz ýatagyna ýetmek. Hünärmenler şeýle hem çöketligiň döremeginiň taryhyna düşünmäge we respublikanyň nebit-gaz pudagy üçin täze tehnologiýalaryň ösüşini çaltlaşdyrmaga umyt baglaýarlar. Guýy Hytaýyň PetroChina kompaniýasy tarapyndan burawlanýar.
Bu Hytaýda eýýäm şuňa meňzeş ikinji taslamadyr. Maý aýynyň ahyrynda ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan sebitindäki Tarim çöketliginiň çölünde dünýäniň iň çuň şahtasyna öwrülip biljek ýerde buraw işleri başlandy. Bu taslamanyň maksatlary synag häsiýetine eýedir. Hytaýly alymlar Ýeriň içki gurluşyny we ewolýusiýasyny öwrenmek we geologiki hem-de geofiziki gözlegler üçin maglumatlary ýygnamak isleýärler. HHR täze gazylyp alynýan peýdaly magdanlary üstünlikli gözlemäge-de bil baglaýar.


23.02.2025 11:08
17k+

Hytaýly burawçylar Ýeriň jümmüşine 11 km çuňluga aralaşyp, Aziýada iň çuň guýyny burawladylar

Hytaýda 10 910 metr çuňlukdaky gözleg guýusyny burawlamak işleri üstünlikli tamamlandy. Indi “1-nji belgili Tarim guýusy” Aziýada iň çuň we dünýäde çuňlugy boýunça ikinji guýudyr. Burawlama tas iki ýyllap Takla...

19.02.2025 14:26
6.5k+

Hytaýda nebiti gazyp alýan, saklaýan we daşaýan dünýäde ilkinji gämini gurdy

Hytaýly inženerler nebiti diňe bir gazyp almak bilen çäklenmän, eýsem ony saklamak we daşamak üçin hem niýetlenen äpet innowasion gämini gurdular. Bu gämi uglerody gazyp almak we saklamak üçin ýörite enjamlar bilen...

22.11.2024 07:54
10k+

Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisi boýunça ibermeler Hytaýa 696 mln tonna kömürden el çekmäge mümkinçilik berdi

2009-njy ýylda ulanyşa girizileninden bäri, Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisiniň ugry boýunça HHR-e 500 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu möçberdäki gaz Hytaýa 696 mln tonna kömürden el çekmäge...

22.10.2024 11:33
6.1k+

Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny döretmek hakynda Ähtnama gol çekildi

16-20-nji oktýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär....