GAR kosmosa iki zenan astronawty iberer

  • 23.07.2023 23:18
  • 5.4k+

Günorta Afrika Respublikasynyň (GAR) Milli kosmos agentliginiň ýerine ýetiriji direktory Humbulani Mudau GAR-yň iki zenan astronawtyň kosmosa uçuşyny guramagy we olary Halkara kosmos stansivasyna ibermegi meýilleşdirýändigini belledi. Ol bu teklibi «Roskosmosyň» ýerine ýetiriji direktory Ýuriý Borisow bilen geçirilen duşuşykda öňe sürdi diýip, TASS habar berýär.

Ozal, BAE-niň ilkinji astronawty Hazzaa Al-Mansuri «Roskosmos» arkaly Halkara kosmos stansiýasyna uçupdy.
Ýeri gelende bellesek, Ýuriý Borisow Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynda Russiýanyň orbita stansiýasynyň (ROS) 2032-nji ýyla çenli döredilmeginiň wajypdygyny habar beripdi. Borisowyň pikiriçe, ROS Russiýanyň HKS-däki bölümine görä has netijeli işlär. Şeýle hem ROS-yň ilkinji ekipažynyň iki sany kosmonawtdan ybarat boljakdygy habar berildi.


11.05.2026 23:19
4k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

30.03.2026 18:52
3.5k+

Alymlar ýokary derejeli Gün partlamasyny hasaba aldylar

30-njy mart güni irden Günde ýokary derejeli X klasly partlama hasaba alyndy. Bu iki aýa golaý wagtyň içinde ilkinji gezek ýüze çykan şeýle hadysadyr....

19.11.2025 13:14
3.4k+

Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar

Rospotrebnadzoryň "Wektor" atly ylmy merkeziniň alymlary Russiýada ozal öwrenilmedik 60-dan gowrak wirusy anykladylar. Bu barada RIA "Nowosti" habar berdi. Gözleg üçin nusgalar ýurduň 50 sebitinden gelip gowşupdyr...

16.11.2025 15:42
1.1k+

Ösümlik ýaglarynyň öndürijiligini we hilini ýokarlandyrýan täze tehnologiýa döredildi

Russiýada WDITU-nyň (Woronež Döwlet Inženerçilik Tehnologiýalar uniwersiteti) alymlary ösümlik ýaglaryny öndürmegiň täze tehnologiýasyny döredip, oňa patent aldylar. Bu barada TASS agentligi uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi...