2022-nji ýylda global elektromobil satuwy 1,5 esseden gowrak ýokarlandy

  • 29.04.2023 21:35
  • 10k+

2022-nji ýylda dünýäde elektromobil satuwy 55% ýokarlanyp, 10 mln birlikden geçdi. Bu barada Halkara energetika agentligine (IEA) salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Satuw möçberi rekord derejeli bolup, Ýewropa Bileleşigindäki ähli awtomobilleriň satuwyndan (takmynan, 9,5 mln birlik) ýokary boldy. Elektromobilleriň, takmynan, 60%-i Hytaýda satyldy, olar bu ýerde awtomobilleriň umumy satuwynyň ýarysyna golaýyny emele getirdiler.
Dünýä ýollarynda elektromobilleriň sany 60% ýokarlandy we 2022-nji ýylda 26 milliondan geçdi.
2023-nji ýylyň üç aýynda 2,3 milliondan gowrak elektromobil satyldy, bu bolsa bir ýyl ozalky görkezijiden dörtden bir ýokarydyr. Satuw ikinji ýarymýyllykda çaltlaşar we ýylyň ahyryna çenli 14 mln birlige ýeter diýip, agentlik çaklaýar.
Umumy awtomobil satuwynda elektromobilleriň paýy 2022-nji ýylda 14% boldy we şu ýylyň jemi boýunça 18%-e ýetip biler. 2020-nji ýylda görkeziji 4% derejesindedi.


22.10.2025 17:53
13k+

Ilon Mask 1 trln dollar tölemeseler, Tesla-dan gitjekdigini aýtdy

Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask paýdarlar 1 trln dollar möçberde täze öwez bukjasyny tassyklamasa, kompaniýadan gitjekdigini ýaňzytdy. On ýyla niýetlenen täze töleg maksatnamasy üçin paýdarlar indiki aýyň başynda ses berer...

22.08.2025 08:15
2.4k+

Xiaomi smartfonlarynyň we elektromobilleriniň satuwy bilen çärýeklik rekord girdeji gazandy

19-njy awgustda Xiaomi kompaniýasy ikinji çärýekde umumy girdejisiniň 116 mlrd ýuana ($16,1 mlrd) ýetendigini habar berdi. Bu görkeziji analitikleriň öňünden çak edeninden (114 mlrd ýuan) ýokary bolup, kompaniýanyň taryhyndaky iň ýokary netije boldy...

06.04.2025 13:05
6.9k+

Counterpoint: “Mask Tesla-nyň derwezesine awtogol geçirdi. BYD-yň üstünligi bilen onuň satuwy peselýär”

BYD yzygider ikinji çärýek elektromobil satuwy boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. Hytaý öndürijisi ozal üýtgewsiz agdyklyk eden amerikan bäsdeşi Tesla-ny gysyp çykarmagyny dowam etdirýär. Counterpoint Research...

18.02.2025 17:14
4.6k+

Uber taksi hyzmaty Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaş bolmagy teklip edýär

Uber-iň baş direktory Dara Hosrowşahi Tesla robotaksi ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip edýär. Ol Ilon Maskyň kompaniýasynyň girdejisini artdyryp biljekdigine ynanýar, sebäbi Uber platformasyny ulanmak has köp...