ChatGPT Google-da aýlyk haky 15 müň dollarlyk iş üçin söhbetdeşlikden geçmegi başardy

  • 10.02.2023 10:41
  • 11k+

ChatGPT çat-boty Google-da L3 derejeli kiçi programmaçy inžener wezipesi üçin söhbetdeşlikden geçdi. Adatça, şeýle hünärmeniň zähmet haky ýylda 180 müň dollara barabar (ýa-da aýda $15 müň) diýip, Gizchina habar berýär.

Kompaniýada bu başlangyç wezipeleriň biri bolup, oňa ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary we beýleki ýaş hünärmenler işe alynýar. Iş gözleýji belli bir ýumuş boýunça iş koduny ýazmagy, kody barlamagyň gurallaryny ulanmagy, kody ýerli derejede işe girizmegi başarmalydyr.
Mälim bolşy ýaly, Google çat-botlary emeli aň arkaly synagdan geçirýär. Tejribä gatnaşanlaryň arasynda ChatGPT hem bardy. Pikirlenmek bilen bagly ýumuşda ChatGPT-da kynçylyk ýüze çykdy. Has takygy, “Bir otagda üç aýal bar. Olaryň ikisi ene bolup, ýaňy çaga dünýä indirdiler. Indi çagalaryň atalary otaga girdi. Otagda jemi näçe adam bar?” diýen ýumuşda ChatGPT nädogry jogap berdi: “Otagda bäş adam bar”. Dogry jogap: otagda ýedi adam bar.


05.06.2026 23:49
2.3k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

03.06.2026 00:06
2.2k+

Bloomberg: Apple ilkinji AR-äýneklerini çykarmagyny 2027-nji ýylyň ahyryna süýşürdi

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji giňeldilen hakykat (AR) äýnekleriniň çykarylmaly möhletini üýtgetdi. Kompaniýa ozal bu enjamy 2026-njy ýylda görkezmegi meýilleşdiripdi, ýöne häzirki wagtda onuň bazara......

02.06.2026 17:40
6.2k+

Şwesiýanyň agaç kesiji dron enjamy agaçlary çapyp, daşap bilýär

Şwesiýanyň AirForestry kompaniýasy agyr ýerüsti enjamlary ulanmazdan, agaçlary kesmäge we daşamaga ukyply, awtonom agaç kesiji drony işläp düzdi....

28.05.2026 23:53
5.9k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....