Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy bilen telefon arkaly gürleşdi

  • 21.10.2022 14:19
  • 5.5k+

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Sagathanuly Aşimbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda türkmen-gazak parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Parlamentiň Senatynyň Başlygyny şanly sene — Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy, şeýle-de ýakynda Astana şäherinde iri syýasy çäreleriň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammiti, Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň VI sammiti şol çäreleriň hataryndadyr. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň dostlukly ýurda amala aşyran döwlet saparynyň ýokary derejesi hem-de netijeliligi aýratyn bellenildi.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Gazagystanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini belläp, kanun çykaryjylyk işinde has netijeli tejribe alyşmak üçin parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. 2023-nji ýylyň başynda Türkestan şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde çemeleşmelerimizi ýakynlaşdyrmak üçin oňat binýat bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Dostlukly ýurduň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi sapar bilen Gazagystana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.


06.05.2026 09:48
5.3k+

Gazagystanda daşary ýurtly hünärmenler we maýadarlar üçin «Altyn wiza» giriziler

Gazagystanda daşary ýurtly ökde hünärmenler üçin ýurtda işlemegi we ýaşamagy aňsatlaşdyrjak ýörite «Altyn wiza» ulgamy dörediler. Bu barada ýurduň medeniýet we habar beriş ministri Aida Balaýewa mälim etdi....

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......