Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

  • 05.07.2022 09:06
  • 18k+

4-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler baradaky meselelere garalyp, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutany maslahatyň gün tertibine geçip, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Häkimler sebitlerdäki möwsümleýin işler, galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak işleriniň guralyşy, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişi, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehniki talaplara laýyk alnyp barlyşy barada hasabat berdiler. Gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk dowam etdirilýär. Şunuň bilen bir wagtda ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak işleri talabalaýyk berjaý edilýär. Mundan başga-da, welaýatyň uzak ýaýlalaryndaky, düzlüklerindäki ekinleri medeni zolaga geçirmek işleriniň guralyşy barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutany welaýatlaryň uzak ýaýlalaryndaky we düzlüklerindäki ekinleri medeni zolaga geçirmek işleriniň guralyşyna möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtap, bu ugurda haýal-ýagallyga ýol bermeli däldigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Welaýatlarda galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak işlerine uly üns berilýär. Döwlete tabşyrylan bugdaý hasyly üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar wagtynda geçirilýär, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri agrotehniki talaplara laýyklykda dowam edýär. Sebitlerde gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almaga möhüm ähmiýet berilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly meýdanlarynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi batly depginde alnyp barylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatlarda gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmekde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi hem-de bu işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.


02.05.2026 08:13
2.6k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

01.05.2026 23:15
9.8k+

Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri......

30.04.2026 16:01
3.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......