Toyota Şanhaýdaky lokdaun sebäpli Ýaponiýadaky zawodlarynyň işini togtadýar

  • 27.05.2022 14:46
  • 12k+

Maýyň başynda Tesla elektromobilleriň ätiýaçlyk şaýlary bilen bagly meseleler sebäpli Şanhaýdaky zawodynda ýene-de önümçiligini togtatdy. Ulag öndürijiniň Hytaýdaky söwdasy, öňki aý bilen deňeşdirilende, eýýäm 98% pese gaçdy. Teslanyň Şanhaýdaky zawody mart aýynda koronawirus sebäpli karantin girizilenden soň öz işini togtadypdy. Aprel aýynda kärhana açyldy we işgärlerini zawodyň çäginde ýaşatmak bilen, «ýapyk ulgam» ýörelgesine eýerip işledi.

Ynha indem beýleki bir uly zawod — Toyota Ýaponiýadaky zawodlarynyň işini togtadýar. Toplum şaýlarynyň üpjünçiligindäki bökdençlikler sebäpli, awtokonsern özüniň ýurtdaky 10 zawodynyň işini saklaýar. Muňa-da edil Teslanyňky ýaly ýagdaý, ýagny koronawirusyň nobatdaky gezek örç almasyndan soň, Hytaýyň Şanhaýynda lokdaun yglan edilmegi sebäp boldy.

Konserniň habarynda: käbir zawodlaryň işini togtatmak kararyna  maý, iýun aýlarynda gelindi diýip aýdylýar. 25-27-nji maý aralygynda Ýaponiýanyň 10 zawodynyň 16 liniýasy üç günlük işlemez, şeýle hem 1-3-nji iýun aralygynda üç zawodda dört liniýa 3 günlük möhlet bilen işini togtadar. Ýaponiýada awtokonserniň jemi 28 liniýaly 14 zawody bar.


29.04.2026 16:04
8.1k+

Täze Lexus ES täzelenen dizaýna we öňküden uly göwrüme eýe boldy

Lexus kompaniýasy Pekin awtosalonynda täzelenen ES 2026 biznes-sedanyny tanyşdyrdy....

27.04.2026 11:35
1.9k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......

27.04.2026 06:14
7.1k+

Hytaýda kuwwaty, stili we ekologik arassalygy utgaşdyrýan Camry HEV görkezildi

24-nji aprelde açylan Pekin halkara awtosalonynda (Auto China 2026) Toyota kompaniýasy GAC Toyota bilelikdäki kärhanasy tarapyndan ýörite Hytaý bazary üçin taýýarlanan Camry 2026 modelini tanyşdyrdy.......

25.04.2026 15:15
1.5k+

Toyota ýakyn geljekde RAV4 krossoweriniň elektrik wersiýasyny çykarmagy meýilleşdirmeýär

Toyota kompaniýasy, platformasynyň tehniki mümkinçiliklerine garamazdan, özüniň iň meşhur krossoweri bolan RAV4-i elektrik çekişe geçirmegi meýilleşdirmeýär....