Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenilip geçildi

  • 19.05.2022 01:30
  • 17k+

18-nji maýda, çarşenbe güni şanly sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň  30 ýyllygy bellenilip geçildi. Aşgabatda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasyna gül goýmakdan başlandy. Ilki bilen, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow gül dessesini goýdy. Soňra parlamentiň iki palatasynyň ýolbaşçylary — Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Mejlisiň Başlygy Gülşat Mämmedowa gül goýdular.

Çärä şeýle hem Hökümet agzalary, ministrler we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Gül goýmak dabarasy ýurdumyzyň baş baýdak meýdançasynda hem geçirildi.
Baýramçylyk mynasybetli 18-nji maýda agşam Garaşsyzlyk seýilgähinde «Aşgabat» amfiteatrynda şowhunly konsert guraldy.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......