Обнародованы данные о добыче и экспорте туркменского природного газа за январь-июль 2021 года

  • 15.08.2021 08:57
  • 6.2k+

2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistan boýunça tebigy we ugurdaş gazyň çykarylan mukdary 48,7 milliard kub metre golaý boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde görkeziji 9 milliard kub metrden hem gowrak artdy. Şeýle maglumatlar Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň saýtynda getirilýär.

Agzalýan döwründe tebigy gazyň 27 milliard kub metre golaýy eksporta ugradyldy, bu görkeziji geçen ýylyň 7 aýyna garanyňda 7,3 milliard kub metr köp boldy. Ösüş depgini 137 göterime deň boldy. Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy.

Halkara analitiki kompaniýalaryň maglumatlaryna görä, tebigy gaza bolan isleg diňe HHR-de däl-de, eýsem, dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem ýokarlanýar. Şunuň bilen baglylykda «The Wall Street Journal» amerikan neşiri bu ýagdaýyň soňky ýylyň dowamynda kompaniýalaryň COVID-19 pandemiýasy zerarly gazyň çykarylyşyny azaltmagy hem-de ony entek dikeldip bilmänligi bilen şertlendirilendir diýip belleýär. Galyberse-de, gyşyň sowuk hem-de tomsuň yssy bolmagy elektroenergetikada gaza bolan islegiň artmagyna getirdi.

Tebigy gaza islegiň artmagy onuň dünýä bazarynda gytalmagyna getirdi, bu bolsa, gazyň bahasyny, şeýle hem gaz elektrostansiýalarynyň işläp çykarýan elektrik energiýasynyň bahasyny galdyrýar diýip «The Wall Street Journal» ýazýar. Niderlandlarda ýerleşen TTF-niň – Ýewropada gazyň söwdasy boýunça iri meýdançalaryň biriniň görkezijisi boýunça iýul aýynda gazyň bahasy müň kubmetr üçin 460 dollardan hem geçdi diýip S&P Global Platts agentligi habar berýär. Gazyň we elektrik togunyň bahalary hem Germaniýada, Beýik Britaniýada, Ispaniýada, Italiýada soňky 20 ýylyň içinde rekord görkezijilerine baryp ýetdi.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Туркменистан и Малайзия: 30 лет стратегического партнерства в нефтегазовой сфере

19 июня 2026 года в Торгово-промышленной палате Туркменистана состоялось открытие международной научно-практической конференции «Туркменистан – Малайзия: 30 лет взаимовыгодного сотрудничества в нефтегазовой......

13.06.2026 15:16
6.9k+

Для нефтегазовой отрасли Туркменистана закупят трубы у китайских компании

Президент Туркменистана подписал постановления, разрешающие государственным концернам «Türkmengaz» и «Türkmennebit» заключить контракты с китайскими компаниями для закупки труб, необходимых для реализации......

08.06.2026 19:01
4.9k+

Страны ОПЕК+ увеличат объем добычи нефти в июле

Семь стран ОПЕК+ договорились увеличить совокупную квоту на добычу нефти в июле на 188 тыс. баррелей в сутки. Аналогичное решение ранее было принято на июнь....

02.06.2026 12:40
3.3k+

В Калифорнии начали закачивать углекислый газ под землю

В американском штате Калифорния начал работу первый промышленный объект по улавливанию и долговременному подземному хранению углекислого газа — Carbon TerraVault I....