Туркменистан и ЕЭК ООН обсудили ключевые направления сотрудничества

  • 28.10.2020 07:42
  • 3.2k+

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen köpýyllyk özara hereketleriň giň toplumynyň netijeli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Ulag, söwda, energetika, daşky gurşawyň goragy ulgamlarynda Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň utgaşdyrylmagynda BMG ÝYK-nyň wajyp orny bellenilip geçildi, ol bolsa häzirki pandemiýa döwründe aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolup durýar.
Durnukly ulag ulgamynyň derwaýyslygy barada gürrüň edip, taraplar Içerki ulag boýunça toparyň (IUT) çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini nygtadylar. Türkmen tarapynyň halkara ýol gatnawlary meseleleri, ýük daşamalarynyň we ulag ugurlarynyň sazlaşyklylygy boýunça IUT-yň iş toparlarynyň mejlislerine işjeň gatnaşmak arkaly bu hyzmatdaşlygy has hem giňeltmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi. Türkmenistanyň Hökümetiniň multimodal daşamalaryň giňeldilmegi ugrundaky tagallalary BMG-niň çäklerindäki köpsanly halkara başlangyçlarynda, şol sanda ýurt tarapyndan milli derejede durmuşa geçirilýän anyk hereketlerde öz aýdyň beýanyny tapýandyr.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerindäki hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy, ol ählitaraplaýyn ösüşiň ileri tutulýan wezipeleriniň berjaý edilmegi babatynda gatnaşyjy-ýurtlaryň zerur bolan mümkinçilikleriniň işjeňleşdirilmegine çagyrýandyr.
Türkmen tarapynyň sebitleýin bazaryň hem-de serhetüsti üpjünçilikleriň pugtalandyrylmagy babatynda SPEKA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi, çünki ol SPEKA ýurtlarynyň ählisiniň ykdysadyýetleriniň özara we beýleki sebitler bilen baglanşyklylygyna oňyn täsirini ýetirmek arkaly, SPEKA sebitine täze maýa goýumlaryň, tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çekilmegine itergi bermäge gönükdirilendir.
Taraplar şeýle hem BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) bilermenleriniň teklipleriniň nazarda tutulmagy bilen, hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG ÝYK bilen, hususan-da beýlekiler bilen bir hatarda DÖM-na ýetmekde sebitleýin gatnaşyklaryň durmuşa geçirilmegini ileri tutýan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäklerinde özara hereketleriň giňeldilmegi dogrusynda pikir alşyldy.

вчера 15:48
4k+

В Австралии рухнул рынок жилья: их стоимость сократилась на $128 млрд за квартал

Снижение цен на недвижимость в Австралии уменьшило стоимость рынков жилья Сиднея и Мельбурна на 185 млрд австралийских долларов (около 128 млрд долларов США) за последний квартал....

27.06.2026 19:38
5.3k+

Рашид Мередов встретился с украинскими дипломатами

25 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов встретился с заместителем министра иностранных дел Украины Олександром Мищенко и специальным представителем МИД Украины по связям со странами......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Прошли туркмено-украинские политконсультации на уровне замминистров иностранных дел

25 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялись туркмено-украинские политические консультации на уровне заместителей министров иностранных дел....

27.06.2026 11:05
4.3k+

Доклад Всемирного банка: к 2035 году на рынок труда выйдут 1,2 млрд молодых людей

Согласно докладу Всемирного банка «Глобальная проблема занятости», в течение ближайшего десятилетия развивающиеся страны столкнутся с беспрецедентным вызовом: трудоспособного возраста достигнут порядка 1,2......