Музыкальный фестиваль Coachella не состоится в 2020 году

  • 13.06.2020 23:14
  • 3.1k+

Kaliforniýa ştatyndaky Coachella aýdym-saz festiwaly koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda 2020-nji ýylda geçirilmez. Bu barada çäräniň däp boýunça geçýän ýeri bolan Riwersaýd etrabynyň saglygy goraýyş departamentiniň beýannamasynda aýdylýar, muny TACC habar berýär.
Degişli çözgüt festiwalyň geçmeli wagty bolan güýzde pandemiýanyň ikinji “tolkunynyň” bolmagyndan ätiýaç etme sebäpli kabul edildi. “Biziň üçin etrabyň ýaşaýjylarynyň saglygy birinji ýerdedir” – diýlip, beýannamada aýdylýar. Şeýle-de, Stagecoach festiwaly hem ýatyryldy.
Ilkibaşda Coachella ýazda 10-yndan 12-nji aprel we 17-sinden 19-njy aprel aralyklarynda geçiriler diýlip göz öňünde tutuldy. Soňra koronawirus ýaýrawy sebäpli çäre oktýabryň ortalaryna süýşürildi. Çykyş etmelileriň arasynda Rage Against the Machine rok-topary, Lana Del Reý pop-aýdymçysy, reper Trewis Skott hem-de Sergeý Şnurowyň “Leningrad” rus topary bardy.
Coachella – ABŞ-da iň meşhur aýdym-saz festiwallarynyň biri. Ol Los-Anjelesden 200 kilometrlikde Indio şäherinde (Kaliforniýa ştaty) 1999-njy ýyldan bäri geçirilýär. Bloomberg agentliginiň hasaplamasy boýunça, bu çäräni geçirmekden gelýän girdeji her ýylda $100 milliona ýetýär.
Indiki ýyl çäre 9-yndan 11-nji aprel we 16-syndan 18-nji aprel aralyklarynda geçiriler, Stagecoach çäresi bolsa 23-inden 25-nji aprel aralygynda geçiriler diýip, guramaçylar habar berýär.
“Bu biziň islendik birimiziň çaknyşmak islän gelejegimiz däl, ýöne biziň janköýerlerimiziň, işgärlerimiziň, artistlerimiziň, çöl-beýewandaky hyzmatdaşlarymyzyň we festiwala gatnaşyjylaryň hemmesiniň saglygy biziň esasy maksadymyz bolmagynda galýar” – diýlip, habarda aýdylýar.
Federal we ýerli häkimleriň maglumatlary esasynda hasap çykarýan Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, ABŞ-da täze koronawirus bilen kesellemegiň 2 mln ýagdaýy hasaba alyndy. 112,9 müňden gowrak adam ýogaldy, olaryň 4,8 müň töweregi Kaliforniýada.

вчера 11:37
2.7k+

Под Нотр-Дамом обнаружили артефакты возрастом до 1700 лет

Во время раскопок на площади перед собором Парижской Богоматери археологи обнаружили сотни артефактов возрастом до 1700 лет. Находки относятся к римскому периоду, раннему Средневековью и эпохе строительства......

вчера 07:28
6.4k+

Nike собрала звезд футбола в эпическом 6-минутном фильме к ЧМ-2026

Компания Nike представила шестиминутный рекламный фильм Rip the Script («Переписать сценарий»), посвященный предстоящему чемпионату мира по футболу 2026 года. В ролике снялись десятки известных спортсменов и......

вчера 00:08
6.8k+

Цветение саргассовых водорослей в Атлантике стало постоянным и необратимым явлением

Большой Атлантический пояс саргассовых водорослей протяжённостью около 8 тысяч километров от Западной Африки до Карибского бассейна превратился в постоянную экосистему океана. К такому выводу пришли......

04.06.2026 23:16
4.2k+

Суд в США запретил передачу крупнейшего центра атмосферных исследований другому оператору

Федеральный суд США временно заблокировал попытку передать суперкомпьютерный центр Национального центра атмосферных исследований США (National Center for Atmospheric Research, NCAR) другому оператору, поставив......