Bentley завершает производство седана Mulsanne

  • 15.01.2020 23:24
  • 4k+

Bentley kompaniýasy Mulsanne sedanynyň önümçiligini bes edýändigini we Mulsanne 6.75 Edition by Mulliner ady bilen modeliň 30 ekzemplýaryndan ybarat jemleýji tapgyryny çykarmaga taýýarlanýandygyny habar berdi. Öňdebaryjy modeliň ornuny ýaz möwsüminden başlap Flying Spur eýelär.
Mulsanne-niň önümçiligi dowam edýän ýylyň ýazynda tamamlanar, ýöne häzirki wagtda önümçilikde işleýän işgärler hem işsiz galdyrylmaz – olar kompaniýanyň beýleki bölümlerine işe geçiriler. Sedanyň taryhynda iň soňky akkord önümçiligiň tamamlanmagyna bagyşlanylan Mulsanne 6.75 Edition by Mulliner ulaglaryndan düzülen seriýa bolar. Öňdebaryjy-flagman modeliniň ornuny Bentley maşgalasyndaky Flying Spur alar, 2023-nji ýylda onda güýçli gibrid agregatyna eýe bolan özgerişlik bolar.
Bu limitirlenen önüm öndürijiligi 537 at.g. motora eýe bolan Mulsanne Speed-e esaslanýar. Üstesine-de, 6.75 Edition by Mulliner kuzowyň gara elementleri we hrom jähekli faralary we yşyklandyryjylary bilen utgaşýan Flying B logotipi bilen tanalýar.
Maşynyň içki salonynda onuň aýratyn goýberilişe degişlidigini öň paneldäki sazlaýjylar, oturgyçlardaky özboluşly nagyşlar we sagadyň siferblatynyň kesimlerindäki hem-de gurallar gutusyndaky hereketlendirijiniň çyzgy şekilleri görkezýär. Interýer bölümi üçin 4 sany deri görnüşi göz öňünde tutulan – Imperial Blue, Beluga, Fireglow we Newmarket Tan. Öňdäki panel ýalpyldawuk lakly goýy gara reňk bilen boýalan we ýapyk alýumin bezegleri bilen bezelen.
Her bir güýç agregatyny ýygnamak üçin Bentley-niň hünärmenleri 15 sagada çenli wagt sarp edýärler. V8 6.75 hereketlendirijisi diňe Mulsanne-de oturdylandyr, beýleki modeller eýýäm Volkswagen korporasiýasynyň has ykjam «sekizlikleri» bilen, ýa-da W şekilli 12 silindrli hereketlendirijiler bilen işleýärler.
Öň Bentley kompaniýasynyň 2025-nji ýylda ilkinji elektrokarlaryny çykarmagynyň mümkindigi habar berlipdi. Markanyň ýolbaşçysynyň pikirine görä, elektrikleşdirme firmanyň geljeginde esasy roly ýerine ýetirer.

вчера 14:18
2.2k+

Анонсирован дебют универсала BMW M3 Touring: его называют «семейным спорткаром»

BMW Group объявила, что 1 ноября 2025 года в Китае на фестивале BMW M Festival впервые представит новый универсал BMW M3 Touring. Модель сохраняет характер спортивных автомобилей серии M3, но предлагает больше пространства и удобства для повседневной езды...

вчера 13:52
3.7k+

Aston Martin построит элитный жилой комплекс у океана во Флориде

Aston Martin расширяет деятельность за пределами автопрома – компания строит жилой комплекс на побережье Дейтона-Бич во Флориде. Проект Aston Martin Residences Daytona Beach реализуется совместно с компанией Valor Real Estate Development и входит в стратегию по диверсификации бренда...

вчера 11:35
1.6k+

Kia выпустила ароматизатор с запахом бензина для владельцев электромобилей

Компания Kia в Финляндии совместно с местным импортёром запустила необычную рекламную кампанию, основанную на ностальгии по характерным чертам машин с двигателями внутреннего сгорания у владельцев электромобилей...

вчера 10:57
3.6k+

Tesla отозвала более 60 тыс. Cybertruck: его фары слепят водителей встречных машин

Компания Tesla объявила об отзыве 63,62 тыс. электропикапов Cybertruck из-за слишком ярких передних габаритных огней, которые могут слепить водителей встречного транспорта. Об этом сообщило Национальное управление по безопасности дорожного движения США (NHTSA)...