Netflix раскрыл дату выхода 4-го сезона «Ведьмака» и показал тизер

  • 17.09.2025 09:29
  • 3.9k+

Netflix “Jadygöý” (Ведьмак) serialynyň dördünji möwsüminiň resmi tizerini hödürledi we premýeranyň 2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda boljakdygyny mälim etdi. Indi baş gahryman Geraldyň keşbini Genri Kawilliň deregine Liam Hemswort ýerine ýetirer.

Deadline neşiriniň habar bermegine görä, täze möwsümde Geralt, Ýennifer we Siti uruş bilen gurşalan Yklymda aýlanyp, täzeden birleşmek üçin duşmanlar bilen biri-birinden üzňelikde söweşmeli bolar. “Gahrymanlaryň ýollary aýrylyşandan soň, olar garaşylmadyk tarapdarlara duşýar. Eger olar bu tapynan maşgalalaryny kabul edip bilse, olaryň baky birleşmäge mümkinçiligi bolar…” diýlip, serialyň gysgaça beýanynda aýdylýar.
Mundan başga-da, serialdan kadrlar hödürlendi we olarda daşky keşbi boýunça diňe Geraldyň däl, eýsem Freýýa Allanyň ýerine ýetirmeginde Siriniň hem üýtgändigini görmek bolýar.


Posterde üç baş gahryman görkezilýär: Geralt, Siri we Ýennifer. Serialyň marketing kampaniýasy premýera çenli dowam eder, şonuň üçin ýakynda täze kadrlar hem peýda bolar.
Ýeri gelende bellesek, Genri Kawilliň serialdan gitmeginiň sebäbi onuň fiziki we emosional taýdan ýadamagy boldy – ol serialda ähli pirimleri özbaşdak ýerine ýetirip, günde 12 sagatlap kamera düşdi. Režissýor Mark Ýobst aktýoryň öz öňünde ýokary maksatlary goýandygyny we gylyçly söweş sahnasynda dublýorsyz işländigini, munuň hem ýokary fiziki we emosional güýji talap edendigini belledi.

Aktýorlar düzüminde başga üýtgeşmeler hem bar: indi Wesemiriň keşbini Kim Bodnianyň deregine Piter Mallan ýerine ýetirer. Bu öňki aktýoryň işiniň köplügi bilen baglanyşykly boldy.
Mundan başga-da, aktýorlar düzümine Regisiň keşbinde Lorens Fişbern, şeýle-de Anýa Çalotra, Freýýa Allan, Joi Beti, Eýmon Ferren, Anna Şaffer we beýlekiler goşuldy.
Esasy möwsümleri, spin-offlary we animasion taslamalary hasaba alanyňda, “Jadygöýiň” önümçiligi Netflix-e, takmynan, 800-850 mln dollara düşdi. 


вчера 11:31
1.7k+

Тарантино и певица Кайли Миноуг сыграют в одной картине

Американский режиссёр Квентин Тарантино снимется в новом фильме британского постановщика Джейми Адамса. В картине также сыграет австралийская певица Кайли Миноуг, сообщает Variety....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination готовит новые части «Зверопоя» и «Тайной жизни домашних животных»

Студия Illumination запустила в разработку анимационные фильмы «Зверопой 3» и «Тайная жизнь домашних животных 3». Об этом сообщил глава компании Крис Меледандри в интервью изданию Collider....

26.06.2026 21:03
17k+

Над лондонским Тауэром взлетел огромный дракон

Жителей и гостей Лондона удивили необычным зрелищем в преддверии долгожданной премьеры третьего сезона сериала «Дом Дракона» (House of the Dragon) от HBO. Над знаменитым Тауэром в воздух поднялся гигантский......

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google впервые инвестирует в киноиндустрию и покупает долю в студии A24

Технологический гигант Google и знаменитая независимая киностудия A24 официально объявили о заключении соглашения о стратегическом партнерстве....