Serdar Berdimuhamedow Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyny açdy

  • сегодня 08:54
  • 4.2k+

12-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyny açdy.

Döwlet Baştutany Aşgabadyň Halkara howa menzilinden dikuçar arkaly Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumyna bardy. Toplumda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada Türkmenistanyň Preidentine hasabat berdi.
Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, durmuş maksatly binalardan ybarat.
Serdar Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna baryp, döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle hem Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Türkmenistanyň Prezidentine serhetçileriň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Şeýle hem döwlet Baştutany esgerler ýatakhanasyna baryp gördi. Harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy.
Soňra döwlet Baştutany toplumyň çägindäki harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4 sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, oýun we sport meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Döwlet Baştutany täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy we maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy. Olar ýagşy däp-dessurlara eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza toý düwünçegini gowşurdylar.
Toplumyň çäklerinde lukmançylyk merkezi, söwda nokady hereket edýär.
Soňra döwlet Baştutany Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.


сегодня 10:11
1.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we Daşary işler ministrligine Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrýan Karara gol çekdi...

вчера 18:38
3.2k+

Посол Туркменистана в Грузии встретился с ректором Сухумского университета

11 сентября чрезвычайный и полномочный посол Туркменистана в Грузии Довлетмырат Сейитмаммедов провёл встречу с новым ректором Сухумского государственного университета, профессором Теа Джугели. Посол поздравил ректора с вступлением в должность и выразил уверенность в успешном развитии университета под её руководством...

вчера 18:34
4.4k+

В Ташкенте прошла презентация медицинского кластера города Аркадаг

10 сентября в Ташкенте состоялась встреча посла Туркменистана в Узбекистане Шадурды Мередова с министром здравоохранения Республики Узбекистан Асилбеком Худаяровым при участии туркменской делегации. На встрече обсуждались вопросы сотрудничества в сфере здравоохранения, фармацевтике, медицинском образовании и обмене опытом...

вчера 17:37
2.4k+

Генеральным спонсором TIF 2025 станет Çalık Holding, золотым — Eziz Doganlar

Турецкий конгломерат Çalık Holding станет генеральным спонсором Инвестиционного форума Туркменистана 2025 года (TIF 2025), золотым спонсором – хозяйственное общество Eziz Doganlar. Форум пройдёт 18–19 сентября 2025 года в конференц-центре спорткомплекса «Аваза» на побережье Каспийского моря...