S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
- Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek.
- Buhgalterçilik hasaba alnyşy (oba hojalygynda).
- Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda).
- Gidromeliorasiýa.
- Weterinar lukmançylygy.
- Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.
- Maglumat ulgamlary we programmirlemek.
- Oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
- Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy .
- Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
- Çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy.
- Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy.
- Ösümlikleri goramak.
- Agrohimiýa.
- Ýer gurluşygy we kadastrlar.
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 18-nji awgusta çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etr., 2070 (Tähran) köçe, 6;
Telefon: 34-91-24