Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde “Buig” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalarda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň gymmatly maslahatlaryndan we tekliplerinden hemişe ugur alynýandygyny belledi we bu kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Gurbanguly Berdimuhamedow fransuz kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Bellenilişi ýaly, Aşgabat okgunly ösmek hem-de häzirki zaman megapolisine öwrülmek bilen, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sanly ulgam pudagynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini hem-de “Buig” kompaniýasynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.