Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hususan-da, wise-premýer “Garabogazkarbamid” zawodynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, bu önümçiligiň zerur bolan çig mal bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmagyň, esasy tehnologik enjamlary abatlamagyň zerur bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň önüm öndüriji kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky teklip beýan edildi.
Serdar Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazkarbamid” zawodyny taslama kuwwatynda bökdençsiz işletmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany bu zawodda toplumlaýyn tehniki hyzmatlary amala aşyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.