Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

  • сегодня 00:52
  • 515
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

10-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň daşary işler ministri  Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasany kabul etdi diýip. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Myhman Prezident Serdar Berdimuhamedowa Malaýziýanyň XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandariň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň mähirli salamyny ýetirdi. 
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň  oňyn Bitaraplyk syýasatyny we halkara derejesinde öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygy üçin, minnetdarlyk bildirip, döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini nygtady. 
Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagy depginli ösýän pudaklaryň biridir. Bu ugurda ýurtlarymyzyň arasyndaky mümkinçilikleriň ulanylmagyna Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasynyň uly goşant goşýandygy aýratyn  bellenildi.
Döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň möhüm orny bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti bu babatda şu ýylyň ahyrynda Malaýziýa amala aşyryljak saparyň ähmiýetini nygtap,  onuň dowamynda geçiriljek gepleşikleriň dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze sahypalary açjakdygyna ynam bildirdi.


сегодня 00:29
1.8k+

Türkmenistan TOPH taslamasynyň esasy tapgyrynyň düýbüni tutar

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini ýaşulular garşyladylar diýip, “Watan” habarlar...

сегодня 00:08
2.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna geldi

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Mary welaýatyna geldi.  Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini ýaşulular garşyladylar diýip, “Watan” habarlar...

вчера 17:26
2.2k+

На межмидовских консультациях обсудили перспективы партнерства Туркменистана и Малайзии

9 сентября 2024 года в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялись межмидовские консультации между Туркменистаном и Малайзией. Туркменскую сторону возглавил замглавы МИД Ахмет Гурбанов, а делегацию Малайзии...

вчера 14:38
3.1k+

В Ашхабаде стартовал инвестиционный форум Туркменистана (TIF 2024)

Сегодня в столичном отеле «Йылдыз» стартовал инвестиционный форум Туркменистана (TIF 2024). В ходе двух дней масштабного форума, организованного Министерством иностранных дел, Министерством финансов и экономики...