Dünýä çempionaty — 2026: Türkmenistan Gonkong bilen deňme-deň oýnady

  • 22.11.2023 08:24
  • 14k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyrynda ilkinji utugyny gazandy. Mergen Orazowyň şägirtleri 21-nji noýabrda Gonkongyň ýygyndysy bilen myhmançylykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berdi.

Duşuşykda ilkinji bolup hasaby açan türkmen ýygyndysy boldy. Eýýäm 4-nji minutda Gonkongyň çempionatynyň geçen möwsümdäki iň netijeli futbolçysy Ruslan Mingazow gonkonglylary gynandyrdy. Şondan 8 minut soňra Wai Wong ýer eýeleriniň haýryna hasaby deňlemegi başardy.
Türkmen ýygyndysy 35-nji minutda ýene-de Ruslan Mingazowyň geçiren goly bilen ikinji gezek öňe saýlandy. Ýöne bu üstünligi diňe 65-nji minuda çenli goramak başartdy. Şol minutda Ewerton Kamargo hasaby deňledi.
Şondan soň geçirilen ikitaraplaýyn hüjümleriň hiç biri hem netije bermedi.
Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy toparçadaky ilkinji utugyny gazandy. Milli ýygyndymyz Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama tapgyryndaky indiki iki duşuşygyny mart aýynda Eýranyň ýygyndysy bilen geçirer.
Bu toparçanyň ugurdaş duşuşygynda Özbegistanyň hem-de Eýranyň milli ýygyndylary 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar.


сегодня 08:03
1.7k+

Туркменские каратисты взяли золото и бронзу турнира Молодёжной лиги в Маниле

Спортсмены из Туркменистана завоевали золотую и бронзовую медали на престижном международном турнире мировой серии «Молодёжная лига карате1», который прошёл в столице Филиппин — Маниле....

вчера 19:10
5.4k+

Возвращение «Особенного»: Жозе Моуринью возглавил мадридский «Реал»

Португальская «Бенфика» официально объявила об уходе 63-летнего главного тренера Жозе Моуринью. Специалист возвращается в мадридский «Реал»....

вчера 10:53
7.2k+

AS: «Реал» требует у УЕФА аннулировать 23 титула «Барселоны»

Мадридский «Реал» направил в УЕФА досье по делу бывшего вице-президента технического комитета судей Испании Хосе Марии Энрикеса Негрейры и потребовал применить санкции к «Барселоне», сообщает Diario AS....

09.06.2026 22:01
5.7k+

Легенда «Ливерпуля» Дивок Ориги объявил о завершении карьеры в 31 год

Бывший нападающий «Ливерпуля» и сборной Бельгии Дивок Ориги объявил о завершении профессиональной карьеры в возрасте 31 года....