Talyp — 2023: Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi

  • 17.07.2023 16:20
  • 43k+

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

Býujet esasynda:
1. Şepagatçylyk işi.
2. Laboratoriýa anyklaýyş işi.
3. Bejeriş işi.
4. Fizioterapiýa we dikeldiş işi.
5. Akuşerçilik işi.
6. Ortopedik stomatologiýasy.

Saçly Dursunowa adyndaky  Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Ahal welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça  bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Ahal welaýatynyň merkezinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul  edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  • — bellenilen nusgadaky sowalnama  (anketa);
  • — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary  kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • — pasportyny;
  • — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçiligi çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2023-nji ýylyň awgust aýynyň 2-3-i, 5-6-sy we 8-i günlerinde Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.  Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 22, tel.: 36-96-73, 36-93-82.


04.04.2026 06:15
15k+

Президент произвел кадровые назначения в двух вузах Туркменистана

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов подписал указы об освобождении от должностей и назначении новых ректоров Туркменского государственного института экономики и управления и Туркменского......

24.03.2026 17:56
4.1k+

В Туркменистане издан «Атлас профессий будущего»

В Туркменистане издано пособие «Атлас профессий будущего», подготовленное Министерством образования. Книга выпущена Туркменской государственной издательской службой. Издание разработано в соответствии со Стратегией развития высшего профессионального образования на 2026–2052 годы, утверждённой постановлением президента Туркменистана №1570 от 17 октября 2025 года...

23.03.2026 13:18
13k+

Ректором архитектурно-строительного вуза Туркменистана назначен Бегли Атаев

Президент Туркменистана подписал указ о назначении нового ректора Туркменского государственного архитектурно-строительного института. Им стал Бегли Байраммырадович Атаев, сообщает TDH. Должность оставался вакантным...

21.03.2026 16:29
5.7k+

В Китае обучаются более 10 тысяч туркменистанцев

В Китае обучаются более 10 тысяч граждан Туркменистана. Такие данные привёл председатель Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов в интервью с ведущим китайского телеканала CGTN Хэ Яньке. «В настоящее время более 10 тысяч граждан Туркменистана обучаются в образовательных учреждениях Китая...