Talyp-2023: Türkmen döwlet medeniýet instituty

  • 15.07.2023 14:39
  • 13k+

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY
2023/2024-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

I. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

I. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); aktýorçylyk sungaty (gurjak teatrynyň aktýory); drama režissurasy; horeografiýa sun-gaty (folklor toparyny döretmek we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (milli tans toparyny döretmek we dolandyrmak).

II. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglu-mat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak); kitaphana işi; telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); kitaphana-maglumat iş-leri; telewideniýe žurnalistikasy).

2. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslama-lar (taýýarlygyň ugurlary: muzeýi öweniş hem-de medeni we tebigy miras ýadygärliklerini gora-mak; medeniýeti öwreniş; art-menejment).

3. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarly-gyň ugry: çeper höwesjeňleriň aýdym-saz topary-ny döretmek we dolandyrmak).

4. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (taý-ýarlygyň ugry: dikeldiş işleri).

5. Ekran sungatlary (taýýarlygyň ugurlary: ses režissu-rasy; yşykl andyryş tehno I ogiýa I ary; kino režissurasy).

6. Taryh we arheologiýa (taýýarlygyň ugurlary: ar-heologiýa; resminama we arhiw öwreniş).

7. Serwis we syýahatçylyk (taýýarlygyň ugurlary: myhmanhana işi; syýahatçylyk).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçme-dik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäs-leşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary institutda (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türk-menistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geç-ýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminama-nyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bö-lümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassykla-nan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gat-naşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edara-laryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmina-manyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän-ler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadat-namasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş ka-gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri;

Ahal we l aýaty — awgust aýynyň 8-i, 9-y we 10-y gün l eri.

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 11-i, 12-si we 13-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); aktýorçylyk sungaty (gurjak teat-rynyň aktýory); drama režissurasy — saýl anan taýýar-lygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bi l en işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan et-mek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (teleradio-gepleşikleri guramak we alyp barmak); telewi-
deniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissu-rasy); telewideniýe žurnalistikasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türk-menistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: horeografiýa sungaty (folklor toparyny döretmek we dolandyrmak; horeog-rafiýa sungaty (milli tans toparyny döretmek we dolandyrmak), çeper höwesjeňleriň aýdym-saz toparyny döretmek we dolandyrmak — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: ses režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (akusti-ka, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: yşyklandyryş tehnologiýalary

— saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny bar-lamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: kino režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: medeniýeti öwreniş; dikel-diş işleri; arheologiýa; muzeýi öwreniş hem-de medeni we tebigy miras ýadygärliklerini gora-mak; resminama we arhiw öwreniş; kitaphana işi; kitaphana-maglumat işleri; myhmanhana işi; syýahatçylyk; art-menejment — jemgyýeti öwreniş; türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenis-tanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda sy-naglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin ar-tykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgün-lere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114, tel.: 48-28-60.


30.05.2025 11:22
4.8k+

В новом здании Библиотеки имени Базара Аманова появится обсерватория с телескопом

В структуре нового Центра детей и юношества «Güneşli» в Ашхабаде будет размещена Государственная детская библиотека имени Базара Аманова. Согласно постановлению президента Туркменистана, в библиотеке обустроят обсерваторию с телескопом и оснастят её цифровыми технологиями за счёт средств Благотворительного фонда по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова...

26.05.2025 22:36
6.4k+

Во всех школах Туркменистана прошли торжества по случаю «последнего звонка»

25 мая во всех школах Туркменистана прошли торжественные мероприятия по случаю окончания 2024–2025 учебного года и Дня города Ашхабад. Для выпускников прозвенел последний звонок. Стоит отметить, что нынешние выпускники стали первыми, завершившими обучение по 12-летней программе общего среднего образования...

25.05.2025 23:59
10k+

Президент Туркменистана поздравил выпускников и учителей с «последним звонком»

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов поздравил выпускников, учителей и работников сферы образования с церемонией «Последнего звонка». Глава государства выразил уверенность, что торжества, проходящие в Международный год мира и доверия и в год 30-летия постоянного нейтралитета страны, укрепят в молодых людях чувство гордости за Родину...

25.05.2025 19:17
5.9k+

В Минске прошла встреча туркменского посла со студентами

21 мая в Белорусском государственном медицинском университете в Минске прошла встреча посла Туркменистана Назаргулы Шагулыева с туркменскими студентами, обучающимися в вузах Беларуси. Мероприятие было организовано Посольством Туркменистана в рамках Международного года мира и доверия и к 30-летию нейтралитета Туркменистана...