Talyp — 2023: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

  • 15.07.2023 14:27
  • 15k+

TÜRKMEN DÖWLET BEDENTERBIÝE WE SPORT INSTITUTY

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

I. Bedenterbiýe we sport (hünär: sport).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; be-denterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).

2. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).

3. Psihologiýa ylymlary (hünär: sport psiho-logiýasy).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel leni len nusgada rektoryň adyna ýazy lan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassykl anan göçürmesi;

— sport hünäri boýunça okuwa girýän dalaş-gärl er üçin I sport derejesinden pes bolmadyk türgeniň hünär dereje kitapçasy, sport mekde-binden hödürnama we häsiýetnama (bedenter-biýe hünärine resminama tabşyrýan l ara türgeniň hünär dereje kitapçasynyň zerurlygy ýok);

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçyla-rynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňij ileri, halkara bäs-leşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy to-parynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary
we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýag-daýl ary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminama l ary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärl er we nusga l aryny tab-şyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary gör-kezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7- si günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 8- i günleri;

Mary we l aýaty — awgust aýynyň 9-y, 12-si we 14-i günl eri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 13-i we 15-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 18-i we 19-y günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 17-si, 18-i we 19-y günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri bo-ýunça geçirilýär:

hünär: sport — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler saýlap alan sportuň görnüşin-den tassykl anylan möçbernamany ýerine ýetir-meli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
hünär: bedenterbiýe — beden taýýarlygy boýunça tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: sport žurnalistikasy — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: sport desgalaryny dolandyrmak; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi

— matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgy-ýeti öwreniş;

hünärler: sagaldyş işi; sport psihologiýasy — türkmen dili we edebiýaty, biologiýa, Türk-menistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türk-menistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatna-malarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synag larynyň tertibinde bel leni l en wagtda synag lara esassyz sebäp lere görä ge l ip bilmedik-ler ýa-da okuw ders l eriniň biri boýunça synag l ardan geçip bilmedikl er soňky synag l ara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda-ýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan:

— orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler;

— 2019 — 2023-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;

— 2019 — 2023-nji ýyllarda sportuň görnüş-leri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy to-parlarynyň agzalary;

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny-nyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgün l e-re laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40, tel.: 39-98-70, 39-98-71


25.12.2025 12:29
2.2k+

В Туркменистане подведены итоги первой Интернет-олимпиады по картографии

В Туркменистане определены победители I Интернет-олимпиады по картографии, организованной среди студентов высших учебных заведений страны. Мероприятие состоялось 17 декабря и объединило 105 участников из 21 вуза...

21.12.2025 23:37
7.3k+

Ученик ашхабадской школы занял первое место на конкурсе «Молодой ученый года – 2025» в России

Ученик ашхабадской специализированной средней школы № 131 с углубленным изучением иностранных языков Мухаммедгулы Хандурдыев занял первое место в XXI международном научно-исследовательском конкурсе «Молодой ученый года – 2025», который прошел в российском городе Пенза...

20.12.2025 18:32
7k+

Туркменские студентки стали призерами олимпиады по теоретической механике в Китае

Две студентки Государственного энергетического института Туркменистана – Дурсунджемал Атаева и Мяхрибан Азадова стали призерами VI Международной олимпиады по теоретической механике, прошедшей в китайском городе Нанкин...

17.12.2025 12:14
7k+

Школьник из Туркменистана стал победителем олимпиады AMAKids в Алматы

Школьник из Туркменистана Баймухаммет Аннамухаммедов одержал победу на международной олимпиаде International Mental Arithmetic & English Language Olympiad – Independence Cup. Соревнования были организованы международной академией AMAKids...