Talyp — 2023: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

  • 15.07.2023 14:20
  • 19k+

SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET MUGALLYMÇYLYK INSTITUTY

2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

I. Bilim we pedagogika (mugal lymçylyk) ylym-lary (hünärler: fizika we informatika; zähmet we tehnologiýalaryň esaslary; başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe).

II. BakaIawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bilim we pedagogika (mugal lymçylyk) ylym-

lary (taýýarlygyň ugurlary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekde-be çenli bilim we terbiýe).

III. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bilim we pedagogika (mugal lymçylyk) ylym-lary (hünärler: matematika we informatika; hi-miýa; biologiýa; geografiýa; taryh; türkmen dili we edebiýaty; daşary ýurt dili we edebi-ýaty (rus dili we edebiýaty); daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we ede-biýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we ede-biýaty (nemes dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili).

2. Bedenterbiýe we sport (hünär: bedenterbiýe).

IV. BakaIawr maksatnamasy (tölegIi esasda):

1. Sosiologiya we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bi l imi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazyl an arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we der-man senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tas-syklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylary-nyň döwlet bäs l eşiginiň ýeňij i l eri, halkara bäs l eşik-lere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň
agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi-namanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bu l ardan başga-da okuwa girmäge isl eg bildir-ýän l er ýokarda görkezi l en resminama l ar bi l en bir-likde, resminama l ary kabul edýän iş toparyna aşak-dakylary görkezýärl er we nusga l aryny tabşyrýarl ar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şa-hadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Da l aşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandy-gyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berl en maglumatl ar we galp resmi iş kagyz l ary üçin da l aşgär şahsy jogapkärçi l ik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek

institutda (Türkmenabat şäheri) aşakdaky möh-letlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 6-sy we 8-i günleri;

Daşoguz we l aýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 7-si we 9-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-11-12-si, 13-14-i we 15-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri bo-ýunça geçirilýär:

hünär: matematika we informatika — mate-matika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: fizika we informatika — fizika, mate-matika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkme-nistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türk-menistanyň taryhy;

hünär: geografiýa — geografiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: taryh — Türkmenistanyň taryhy, türk-men dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

hünärl er: başlangyç bilimiň mugallymçyly-gy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe; taýýarlygyň ugurl ary: başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy; mekdebe çenli bilim we terbiýe — türkmen di l i we edebiýa-ty, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: türkmen dili we edebiýaty — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgy-ýeti öwreniş;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (rus
dili we edebiýaty) — rus dili we edebiýaty, türk-men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (nemes dili we edebiýa-ty, iňlis dili); daşary ýurt dilleri we edebiýaty (pars dili we edebiýaty, iňlis dili) — saýl ap alan hünär di l i boýunça ýa-da iň l is dili, türkmen di l i we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: zähmet we tehnologiýalaryň esasla-ry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: bedenterbiýe — umumy fiziki taýýar-lygyň tassyklanan möçbernamasyny ýerine ýetir-meli, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: durmuş işi — biologiýa, türk-men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatna-malarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerinden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet di l inde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäp lere görä gelip bilmedik-ler ýa-da okuw ders l eriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synag l ara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstün l ikli geçen ýagda-ýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan:

— mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugal lymçylyk ugurdan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan l ar;

— orta sport mekdebini tamam lan ýokary derej el i türgen ler (bedenterbiýe hünärine giri len ha l atynda);

— 2019-2023-nji ýyl l arda geçiri l en halkara ýaryşl a-ryň ýeňij i l eri (bedenterbiýe hünärine giri l en ha l atynda);

— 2019-2023-nji ýyl l arda sportuň görnüş l eri bo-ýunça Türkmenistanyň mil l i ýygyndy toparl arynyň agza lary (bedenterbiýe hünärine girilen ha l atynda);

— «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny-nyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Şabende köçesi, 7; tel.: 3-25-50; 3-04-18


вчера 17:41
5.3k+

Открыт приём заявок на обучение в университете PETRONAS в Малайзии

Компания PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd объявила о начале приёма заявок на участие в программе Block-I Education Sponsorship для поступления в Universiti Teknologi PETRONAS (UTP) в 2026 году. Программа...

вчера 16:55
2.7k+

Юные туркменские робототехники поборются в Астане за путевку на мировой финал

Десять школьников из Туркменистана отправились в Астану для участия в региональном этапе международного чемпионата по робототехнике FIRST Tech Challenge (FTC), который пройдет с 10 по 13 февраля 2026 года. В столице Казахстана выступят 60 сильнейших коллективов, прошедших отбор среди более чем 400 претендентов...

06.02.2026 15:57
2.4k+

Архитектурно-строительный институт приглашает школьников на предметные олимпиады

Туркменский государственный архитектурно-строительный институт приглашает учащихся выпускных классов средних школ страны принять участие в предметных олимпиадах. Олимпиады будут проведены по четырем дисциплинам: математика, физика, химия и современные компьютерные технологии...

05.02.2026 22:54
2k+

В Туркменистане пройдет IV школьная олимпиада «Талантливые потомки Огуз хана»

В Туркменистане состоится IV интегрированная олимпиада среди школьников «Талантливые потомки Огуз хана». Организатором выступает Инженерно-технологический университет Туркменистана имени Огуз хана. К участию приглашаются учащиеся 9–12 классов средних школ страны...