Ýaşlaryň arasynda hukuk meselelerine bagyşlanan döredijilik bäsleşigi yglan edildi

  • 07.05.2023 13:56
  • 9.1k+

Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, hukuk hünäri boýunça okaýan talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň döredijiliklerini kämilleşdirmek maksady bilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

Bäsleşigi «Adalat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Jan Watanym Türkmenistan!» ady bilen geçirýär. Bu barada bildiriş «Adalat» gazetinde çap edildi.
Bäsleşige ýaşy 35-e çeni bolan raýatlar gatnaşyp biler.
Bäsleşige ýurdumyzyň gazanan ösüşlerini, kanunçylygymyzdaky özgertmeleri wasp edýän şygyrlar, poemalar; milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, kanunçylygymyzyň ähmiýetini wagyz edýän hekaýalar, nowellalar, liriki oýlanmalar we beýlekiler; dürli žanrdaky (publisistik, çeper publisistik) makalalar, oçerkler; hukuk temasynda düzülen krosswordlar; ýurdumyzyň ösüşlerini wagyz edýän fotokollažlar, çekilen surat eserleri ýaly döredijilik işleri kabul edilýär.
Gelip gowşan eserlere emin agzalary baha berer.
Bäsleşige hödürlenilýän eserler «Jan Watanym Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigine» diýen bellik bilen «Adalat» gazetiniň redaksiýasyna iberilmeli.
Emin agzalary tarapyndan mynasyp hasaplanan eserler «Adalat» gazetinde çap ediler.
Bäsleşik 5-nji maýda başlandy. Onuň jemleri şu ýylyň sentýabr aýynda jemlener.
Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.

Bäs­le­şi­ge ­hö­dür­len­ýän ­iş­le­ri ­şu­ sal­ga ­iber­me­li:­ Aş­ga­bat­ şä­he­ri, ­744604, ­Ga­raş­syz­lyk­ şa­ýo­ly, ­Türk­men­başy­nyň ­er­kin dö­re­di­ji­lik­ me­ka­ny,­«Ada­lat» ­ga­ze­ti­niň ­re­dak­si­ýa­sy.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Ювелир Говхер Нурыева завоевала Кубок международного фестиваля в Бухаре

Туркменский ювелир, член Союза художников Туркменистана Говхер Нурыева заняла третье место на III Международном фестивале золотошвейного и ювелирного дела. Мероприятие прошло в Бухаре (Узбекистан) еще 15-17......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Наследие Махтумкули Фраги обсудили на конференции в Тегеране

16–17 июня в Тегеране состоялся ряд мероприятий, посвящённых жизни и творчеству великого туркменского поэта и мыслителя Махтумкули Фраги. Об этом сообщает пресс-служба МИД Туркменистана....

17.06.2026 11:24
6.8k+

В Туркменистане запустили кампанию в поддержку грудного вскармливания

В Туркменистане стартовала национальная кампания, направленная на поддержку матерей в обеспечении исключительно грудного вскармливания детей в первые шесть месяцев жизни....

15.06.2026 22:10
3.9k+

Шахматистка из Туркменистана стала лучшей среди женщин на турнире в Актобе

Шахматистка из Туркменистана Мяхри Агамурадова стала лучшей среди женщин на международном турнире «Мемориал Владимира Дворковича – Aktobe Open 2026», который проходил с 3 по 11 июня в Актобе, Казахстан....