ÝHHG-niň synçylar topary saýlawlaryň guramaçylygyna syn etmek üçin Aşgabada geldi

  • 16.03.2023 11:13
  • 3.2k+

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň barşyna baha bermek üçin Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar hem-de adam hukuklary boýunça býurosynyň toparynyň agzalary Aşgabada geldi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edara binasynda ÝHHG-niň synçylar toparynyň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ÝHHG-niň toparynyň agzalaryna degişli şahadatnamalar gowşuryldy.
Myhmanlar merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen meýilnama, saýlaw okruglarynyň we uçastoklarynyň sanawy, resminamalaryň nusgalary hem-de ýerlerde geçirilen işler bilen tanyşdyryldy.
Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde synçylara saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň barşyny bökdençsiz synlamaga hem-de gönüden-göni ses berilýän güni paýtagtymyzda we welaýatlarda saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge mümkinçilik dörediler.
Toparyň agzalarynyň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasynda birnäçe ministrliklerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar meýilleşdirildi.
Ýakynda GDA-dan synçylar topary Türkmenistanda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň taýýarlyk işlerine hem-de geçirilişine gözegçilik etmäge girişdiler.


вчера 11:41
2.8k+

Туркменистан и Малайзия закрепили договоренности соглашениями

По итогам переговоров в узком и расширенном составах президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов и премьер-министр Малайзии Анвар Ибрахим подписали совместное заявление, подтверждающее приверженность......

вчера 11:35
2.7k+

Прошли переговоры между президентом Туркменистана и премьер-министром Малайзии

19 июня в Ашхабаде состоялись двусторонние переговоры между президентом Туркменистана Сердаром Бердымухамедовым и премьер-министром Малайзии Анваром Ибрахимом, прибывшим накануне с официальным визитом. Об этом......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Посол Туркменистана в Малайзии назначен также послом в Брунее

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов подписал указ о назначении посла Туркменистана в Малайзии Мухамметнияза Машалова одновременно чрезвычайным и полномочным послом Туркменистана в Государстве......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Премьер-министр Малайзии прибыл с официальным визитом в Туркменистан

18 июня в Туркменистан с официальным визитом прибыл премьер-министр Малайзии Анвар Ибрахим. В рамках поездки в Ашхабаде запланированы переговоры, посвящённые дальнейшему развитию двустороннего сотрудничества,......