Gurtly ýaşaýyş toplumyndaky täze guruljak jaýlar üçin arzalar kabul edilýär

  • 08.05.2019 22:14
  • 7.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherini ösdürmek we şäheriň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky başlangyçlarynyň çäginde paýtagtyň Gurtly ýaşaýyş toplumynda döwrebap jaýlaryň uly toplumy emele geldi. Bu ýaşaýyş jaýlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurulýar.
Birleşme bu toplumda täze guruljak ýaşaýyş jaýlary üçin ilatdan arzalaryň kabul edilýändigini habar berýär, diýip Turkmenportal saýty habar berýär. Arzalar her gün Birleşmäniň Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow adyndaky köçesinde ýerleşýän edara binasynda kabul edilýär.
Arza Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň adyna ýazylmalydyr. Arzalar kabul edilenden soňra, ýüz tutan raýatlara gurluşyga paýçy hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik berler we gurluşyk tamamlanandan soňra, olar döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün ediler.
Ýeri gelende aýtsak, täze tapgyr Büzmeýin etrabynyň Gurtly ýaşaýyş toplumynda bina edilýän üçünji tapgyr bolar. Toplumyň birinji we ikinji tapgyrlarynda eýýäm paýtagtlylaryň ýüzlerçe maşgalasy ýaşaýar. 

вчера 16:26
3.4k+

Суд в США отменил сбор в $100 тыс. за рабочие визы

Федеральный суд США признал незаконным введенный администрацией Дональда Трампа обязательный платеж в размере 100 тысяч долларов при подаче заявлений на получение виз H-1B. Об этом сообщает CBS News....

вчера 11:13
6.4k+

Белую акулу впервые смогли заснять под водой в Средиземном море

В Средиземном море впервые удалось получить подводные кадры взрослой белой акулы в ее естественной среде обитания. Съемка была сделана во время операции по извлечению так называемых сетей-призраков, сообщила......

вчера 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» объявило набор водителей автобусов и такси

Акционерное общество открытого типа «Awtomobil Ulag hyzmaty» объявило о наборе опытных водителей для работы на автобусах и такси....

вчера 08:53
2.7k+

Учёные испекли хлеб, «вернув к жизни» дрожжи с тела 5300-летней мумии

Учёные испекли хлеб на закваске, созданной с использованием дрожжей, обнаруженных на теле 5300-летней мумии Этци, найденной в итальянских Альпах. Об эксперименте пишет издание Daily Mail...