Maý aýynda geçiriljek çäreleriň tertibi

  • 28.04.2019 12:54
  • 2.2k+

Maý aýynda bellenilýän Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» baýramçylygy, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sergiler we bäsleşikler, aýdym-saz dabaralary hem-de sahna oýunlary, wagyz-nesihat çäreleri we sport ýaryşlary guralar.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

15 — 16-njy maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçiriler. Şeýle-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara Utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler Watanymyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmagyň esasy gurallarynyň biridir. Aprel aýynyň ahyrynda we geljek aýda ýurdumyza birnäçe ýurtlaryň wekiliýetleriniň saparlary göz öňünde tutulýar. Maý aýynyň üçünji ongünlüginde Aşgabatda türkmen-gruzin hem-de türkmen-german syýasy geňeşmeleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, maý aýynda ýurdumyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň hem-de türkmen-belarus toparynyň nobatdaky mejlislerini, türkmen-belarus işewürler maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Mundan başga-da, geljek aýda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

вчера 16:26
3.4k+

Суд в США отменил сбор в $100 тыс. за рабочие визы

Федеральный суд США признал незаконным введенный администрацией Дональда Трампа обязательный платеж в размере 100 тысяч долларов при подаче заявлений на получение виз H-1B. Об этом сообщает CBS News....

вчера 11:13
6.4k+

Белую акулу впервые смогли заснять под водой в Средиземном море

В Средиземном море впервые удалось получить подводные кадры взрослой белой акулы в ее естественной среде обитания. Съемка была сделана во время операции по извлечению так называемых сетей-призраков, сообщила......

вчера 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» объявило набор водителей автобусов и такси

Акционерное общество открытого типа «Awtomobil Ulag hyzmaty» объявило о наборе опытных водителей для работы на автобусах и такси....

вчера 08:53
2.7k+

Учёные испекли хлеб, «вернув к жизни» дрожжи с тела 5300-летней мумии

Учёные испекли хлеб на закваске, созданной с использованием дрожжей, обнаруженных на теле 5300-летней мумии Этци, найденной в итальянских Альпах. Об эксперименте пишет издание Daily Mail...