Türkmenistanda ýylyň iň gowy mugallymy we terbiýeçisi yglan edildi

  • 25.04.2019 21:59
  • 6.2k+

Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýylda geçirilýän «Ýylyň mugallymy» we »Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrlary Aşgabatdaky № 128-nji çagalar bagynda we №89 orta mekdebinde geçirildi. Şu ýyl «Ýylyň mugallymy – 2019» diýen hormatly ada Daşoguz şäheriniň 25-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň başlangyç klas mugallymy Amangül Sopyýewa eýe boldy. «Ýylyň terbiýeçisi – 2019» diýen ada bolsa, Aşgabatdaky 65-nji mekdebe çenli çagalar edarasynda işleýän Leýla Haýtekowa mynasyp boldy.

Bäsleşigiň saýlama tapgyrlarynda  oňa gatnaşyjylar şertlere görä, täze toparda açyk sapak berdiler. Şunda nätanyş çagalaryň auditoriýasyna öwrenişmek boýunça hünär başarnygy eminleriň esasy üns merkezinde boldy. Bäsleşige Türkmenistanyň Milli Bilim institutyndan, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, A.Kekilow adyndaky Aşgabatdaky Mugallymçylyk mekdebinden, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň milli merkezinden, «Mugallymlar gazetiniň» redaksiýasyndan wekiller eminlik etdiler.

Bäsleşikde ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we Hormat hatlary, şeýle hem ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

вчера 07:32
2.8k+

В японской префектуре Окинава ввели «отпуска» для школьников

В японской префектуре Окинава ввели «отпуска» для школьниковВ японской префектуре Окинава активно распространяется программа «learncation» (производное от слов «обучение» и «каникулы»). Согласно публикации The......

08.06.2026 23:01
2.6k+

В ТСХУ наградили победителей международного конкурса по ЦУР

В Туркменском сельскохозяйственном университете имени С.А. Ниязова состоялась церемония награждения победителей Международного конкурса научно-проектных работ «Роль молодежи в достижении целей устойчивого......

02.06.2026 20:35
4k+

В Мары подвели итоги молодежного конкурса по робототехнике

Министерство образования Туркменистана совместно с Государственным энергетическим институтом Туркменистана провели в Мары заключительный этап конкурса по робототехнике среди молодежи. В соревнованиях приняли......

02.06.2026 19:33
6.7k+

Стоимость обучения в российских вузах за год выросла на 10,7%

Средняя стоимость обучения в российских университетах за год увеличилась на 10,7%. Об этом сообщает газета «Коммерсантъ» со ссылкой на данные Министерства науки и высшего образования России....