18-nji aprel - Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni

  • 19.04.2019 12:33
  • 1k+

«ICOMOS» guramasy — tutuş dünýä boýunça ýadygärlikleri goramak bilen meşgullanýan halkara hökümet däl gurama bolup, 37 ýyl mundan öň bu düzüm 18-nji apreli «Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni» diýip yglan etdi. ÝUNESKO bu başlangyjy 1983-nji ýylda geçirilen 22-nji Baş konferensiýasynda makullady. Şondan bäri 18-nji aprel medeni mirasy baýram etmegiň we wagyz etmegiň güni hem-de onuň köpdürlüligi, möhümligi, ony goramagyň hajatlary we bähbitleri bilen tanyşmak mümkinçiligi bolup durýar.

ICOMOS her ýyl dürli ýurtlardaky milli komitetleri we beýleki guramalar tarapyndan guralýan baýramçylyk çäreleriniň esasy temasyny hödürleýär. Olar hem bu meselelerde jemgyýetiň habarlylygyny artdyrmak isleýärler.

2019-njy ýylyň Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara gününiň temasy «Obanyň tebigy gözellikleri» diýlip atlandyryldy. Munuň özi garamagynda ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň ýadygärlikleri bolan milli guramalaryň oba tebigatynyň möhümligi, olary goramagyň meseleleri, şol tagallalaryň artykmaçlyklary hem-de oba tebigatynyň we durnukly ösüşiň arasyndaky bar bolan içerki gatnaşyklar hakynda bilimleri giňden wagyz etmek maksady bilen, çäreler tapgyryny geçirjekdigini aňladýar. Olar jemgyýetiň her bir raýatynyň ýaşaýan ýerinde oba tebigatyny döretmäge, onuň ýaşamagyna, özgermegine we baýlaşmagyna dahyllydygyny gürrüň bererler. Galyberse-de, ähli adamlaryň ene topragyň arassa saklanmagy üçin jogapkärçilik çekýändigini ýatlatmak möhümdir.

вчера 16:26
3.4k+

Суд в США отменил сбор в $100 тыс. за рабочие визы

Федеральный суд США признал незаконным введенный администрацией Дональда Трампа обязательный платеж в размере 100 тысяч долларов при подаче заявлений на получение виз H-1B. Об этом сообщает CBS News....

вчера 11:13
6.4k+

Белую акулу впервые смогли заснять под водой в Средиземном море

В Средиземном море впервые удалось получить подводные кадры взрослой белой акулы в ее естественной среде обитания. Съемка была сделана во время операции по извлечению так называемых сетей-призраков, сообщила......

вчера 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» объявило набор водителей автобусов и такси

Акционерное общество открытого типа «Awtomobil Ulag hyzmaty» объявило о наборе опытных водителей для работы на автобусах и такси....

вчера 08:53
2.7k+

Учёные испекли хлеб, «вернув к жизни» дрожжи с тела 5300-летней мумии

Учёные испекли хлеб на закваске, созданной с использованием дрожжей, обнаруженных на теле 5300-летней мумии Этци, найденной в итальянских Альпах. Об эксперименте пишет издание Daily Mail...