Türkmen kikboksingçileri halkara ýaryşda bäş medala mynasyp boldular

  • 09.04.2019 09:58
  • 1k+

Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça Antalýada (Türkiýe) geçirilen IV Halkara kubogynda üstünlikli çykyş edip, jemi bäş medala – iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldy.

«K-1»  görnüşi boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Pygy Sylabow (60 kilograma çenli agram derejede)  çempion boldy.

«Full-kontakt» görnüşinde biziň türgenlerimiz dört medala mynasyp boldular. Şunda Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň türgeni Goçmyrat Jumanyýazow 75 kilograma çenli agram derejede altyn medaly eýeledi.

Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň agzasy Ýazberdi Paýanow (57 kilograma çenli) kümüş medaly eýeledi.

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Akmyrat Akyýew (67 kilograma çenli) we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna wekilçilik edýän Muhammet Gurbanow (81 kilograma çenli) üçünji orunlara çykdylar.

Türkiýe Respublikasynda her ýyl geçirilýän kikboksing boýunça Halkara kubogynda Ýewropa we Aziýa ýurtlaryndan iki müňden gowrak türgen hormat münberleriniň baýrakly orunlary ugrunda bäsleşýärler. Şeýle ýiti bäsdeşlige garamazdan, geçen ýyl bolşy ýaly, şu ýyl hem biziň ildeşlerimiziň bäşisi abraýly dünýä sport ýaryşlarynyň ýeňijileri bolmak bilen, «Durnuklylyk ussatlygyň alamatydyr» diýen gadymy hakykaty tassykladylar.

вчера 23:49
946

BoxingScene: Усик проведёт следующий бой с Деонтеем Уайлдером

Следующим соперником бывшего абсолютного чемпиона мира в супертяжёлом весе Александра Усика может стать экс-чемпион мира по версии WBC Деонтей Уайлдер. Об этом сообщило издание BoxingScene со ссылкой на слова......

вчера 23:41
1.5k+

За 16 дней Инфантино совершил 27 авиаперелётов и посетил 24 матча ЧМ

Президент ФИФА Джанни Инфантино за 16 дней  чемпионата мира по футболу совершил 27 авиаперелётов и посетил 24 матча. По подсчётам BBC Sport, за это время он провёл в воздухе более 66 часов, а его частный......

вчера 13:41
9k+

Определились все пары 1/16 финала ЧМ-2026: расписание плей-офф

На чемпионате мира по футболу 2026 года в США, Канаде и Мексике завершились заключительные матчи группового этапа. Утром 28 июня (по ашх.) окончательно сформировались все пары стадии плей-офф....

вчера 12:43
6.9k+

ЧМ-2026: очередной гол Месси, Португалия чуть не вылетела, триллер в матче Алжир–Австрия

На чемпионате мира по футболу 2026 года завершились матчи 3-го тура группового этапа. По их результатам окончательно определился весь состав участников стадии 1/16 финала....