Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Sloweniýanyň DIM-niň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

  • 20.09.2022 23:45
  • 5.3k+

19-njy sentýabrda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa Sloweniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berdi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda geçirilen duşuşykda S.Žbogar Sloweniýanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde 2024-2025-nji ýyllar üçin öz dalaşgärligini öňe sürendigini aýtdy we 2023-nji ýylyň iýunynda geçiriljek bu saýlawda goldaw bermegi haýyş etdi.
Ilçi A.Ataýewa saglygy goraýyş, telekommunikasiýalar we ulag ulgamlarynda Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy barada belledi.
Hemişelik wekil Türkmenistanyň BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasynda 2023-nji ýyly Halkara “Dialog parahatçylygyň kepili” atly ýyly diýip yglan etmek barada Kararnamanyň taslamasyny öňe sürmegi meýilleşdirýändigi barada aýtdy we Sloweniýanyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.


düýn 22:07
1k+

Geçen hepde Türkmenistanyň biržasynda 28 million ABŞ dollaryna barabar geleşikler baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi 18 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 21:27
1.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

düýn 20:30
2.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

düýn 15:31
1.2k+

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň indiki mejlisi Türkmenistanda geçiriler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler......