Xiaomi ulag öndürijileriň arasynda öňdebaryjy bolmagy meýilleşdirýär

  • 14.08.2022 23:49
  • 6059
Xiaomi ulag öndürijileriň arasynda öňdebaryjy bolmagy meýilleşdirýär

Hytaýyň dürli hili durmuş maksatly tehnikalary we gajetleri öndürmek bilen meşhur bolan Xiaomi kompaniýasy awtoulag dünýäsinde öňdebaryjylaryň hataryna goşulmak isleýär. Kompaniýany esaslandyryjy Leý Szýunyň sözlerine görä, esaslandyrylanyna bary-ýogy 500 gün bolan  Xiaomi Auto bölümçesi haýran galdyryjy netijeleri görkezýär. Häzir bolsa kompaniýa ünsüni sürüjisiz dolandyrylýan tehnologiýalary öndürmeklige gönükdirýär, geljek şonuň bilen bagly diýip, Leý Sýun ynandyrýar.

"Xiaomi Auto öz bäsdeşlerinden yza galýan bolmagy mümkin, ýöne döredilenine 500 gün bolan pekinli ulag öndürijiniň ýeten sepgitleri örän gowy we garaşylyşyndan has ýokary" - diýip, Yicai agentligi Leý Szýunyň sözlerini getirýär.

Xiaomi Auto eýýäm awtopilot ulgamly awtoulaglary synag etmäge girişdi. Tapgyrlaýyn öndürilmäge taýýar ulagy bolsa hytaýlylar eýýäm 2024-nji ýylda köpçülige görkezerler.
Sürüjisiz tehnologiýaly elektromobilleriň ösüşine uly tagalla baryny siňdirýän Nio, Xpeng Motors we Li Auto kompaniýalary Xiaomi Auto-ny öz esasy bäsdeşi hasaplaýarlar.


düýn 15:39
6556

Ferrari elektromobil üçin ses generatoryny patentledi. Ol içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň sesini ýasar

Ferrari kompaniýasy mart aýynda geljekki elektromobillerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň sesini ýasajak gurluşlar bilen bagly iki patent üçin ABŞ-nyň Patent edarasyna ýüz tutdy. Bu barada Motor Authority...

11.05.2024 15:57
5657

Toyota BYD-nyň gibrid platformasyna geçer: bir doly bakda 2000 km

Ýaponiýanyň Toyota awtoulag ägirdi Hytaýyň BYD kompaniýasynyň peýdasyna öz gibrid ulgamyndan el çeker diýip IXBT habar berýär. Hytaýyň metbugat çeşmeleri Toyota-nyň ýakyn iki-üç ýylda çykjak birnäçe täze modelini...

08.05.2024 15:37
5666

8 ýyl we 160 000 km aladasyz: Xiaomi SU7 batareýasyny mugt çalyşmagy üpjün eder

Xiaomi SU7 elektrik ulagynyň batareýasy üçin görlüp-eşidilmedik kepillik yglan etdi. 8 ýyl ýylyň dowamynda ýa-da 160 müň km geçenden soň, batareýasy 30%-den gowrak azalsa, batareýany mugt çalşar diýip, IXBT ýazýar...

08.05.2024 11:45
5028

Hytaý awtoulaglary global bazaryň üçden birini eýelediler

Hytaýyň Ýeňil awtomobiller assosiasiýasynyň (CPCA) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň mart aýynda Hytaýda awtomobil satuwy dünýädäki umumy awtomobil satuwynyň 33%-ini emele getirdi (8,15 mln). 2024-nji ýylyň birinji...