2021-2022-nji maliýe ýylynda Microsoft-yň arassa girdejisi 72,7 mlrd dollara çenli artdy

  • 28.07.2022 07:49
  • 2.8k+

Microsoft Corp. IT ägirdiniň arassa girdejisi 30-njy iýunda tamamlanan 2021-2022 maliýe ýylynyň jemleri boýunça 18,7% artdy we 72,738 milliard dollar boldy diýip, kompaniýanyň hasabatynda aýdylýar.

Paýnama gelýän arassa girdeji geçen maliýe ýylyndaky 8,05 dollara derek 9,65 dollar boldy. Hasabat döwründe düşewünt 18% diýen ýaly - 198,27 milliard dollara çenli köpeldi. 
Geçen maliýe ýylynyň dördünji çärýeginde kompaniýanyň arassa girdejisi 16,74 milliard dollar bolmak bilen, öňki  ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,7% artdy.  Paýnama gelýän arassa girdeji 2,23 dollar boldy, öňki ýyl şol gideji 2,17 dolar bolupdy. Düşewünt 12,4% - 51,865 milliard dollara çenli ýokarlandy. 
Intelligent Cloud bulut bölümçesiniň düşewündi ýylyň geçen çärýeginde 20% - 20, 909 milliard dollara çenli artdy. 
Productivity and Business Processes (ofis goşundysy) bölümçesiniň görkezijisi 13% - 16,6 milliard dollara çenli ýokarlandy. Şol bir wagtda Azure bulut hyzmatynyň düşewündiniň ösüşi üç aýyň içinde 40% boldy.


şu gün 01:30
682

ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalary ýarym ýylda 94 000 işgäri EA bilen çalyşdy

2025-nji ýylyň başyndan bäri amerikan tehnologiýa kompaniýalary emeli aň çözgütleriniň ornaşdyrylmagy sebäpli 94 000 töweregi işgäri işden çykardy. Resmi statistika maglumatlaryna görä, iş prosesleriniň awtomatizirlenmegi köpçülikleýin işden çykarmalaryň esasy sebäbi boldy...

04.07.2025 11:51
1.6k+

Microsoft emeli aňa maýa goýmak üçin işçi güýjüniň 4%-ni azaldar. Bu 9 müň töweregi işgäre deň

Microsoft 9000 töweregi iş ornuny ýa-da işçi güýjüniň 4%-ini azaldar. Bu 2025-nji ýylda işden çykarylyşygyň ikinji tolkunydyr we emeli aňa maýa goýumlaryny artdyrmagyň çäginde kompaniýanyň gurluşyny tertipleşdirmäge we çykdajylary azaltmaga gönükdirilendir...

20.06.2025 17:35
2.9k+

Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar

Microsoft kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna çykdajylaryň artmagy sebäpli müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. EA-nyň ýaýramagy sebäpli işgärleri azaltmak barada Amazon kompaniýasy hem habar berdi. Bloomberg-iň çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Microsoft-da işden çykarmalaryň uly bölegi satuw bölümleriniň işgärlerine täsir eder...

04.06.2025 13:43
1.5k+

Nvidia ýene Microsoft-dan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat kompaniýasy boldy

Nvidia bazar bahasy boýunça ýene-de dünýäniň iň uly kompaniýasy boldy. Şu hepde onuň bazar bahasy 3,45 trln dollara ýetdi we netijede Microsoft-dan öňe geçdi. CNBC-niň habar bermegine görä, Microsoft söwda sessiýasyny 3,44 trln dollar görkeziji bilen ýapdy...