Hytaý maýmyn mamasynyň serhetden getirilmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri girizýär

Hytaý maýmyn mamasynyň serhetden getirilmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri girizýär

Hytaý häkimiýetleri maýmyn mamasynyň serhetden geçýän adamlar tarapyndan ýurda getirilmeginiň öňüni almak boýunça çäreleriň girizilýändigi barada mälim etdiler, onuň çäklerinde serhetden geçýän adamlar alamatlar bolan ýagdaýynda bu barada döwlet edaralaryna habar bermeli bolar. Bu barada HHR-iň Baş gümrük edarasy habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Bu keseliň alamatlary bolan adamlar serhetden geçenlerinde bu barada Hytaýyň häkimiýetine habar bermelidirler. HHR-iň gümrükhanasynyň epidemiologiki gullugynyň işgärleri kesgitlenen düzgünlere laýyklykda zerur çäreleri görerler we seljermek üçin nusga alarlar” – diýlip, ýaýradylan beýanda aýdylýar.

Resminamada bellenilişi ýaly, Hytaýyň serhedinden geçen ulag serişdesiniň bortunda kesel degen adamyň bardygyna şübhe dörän ýagdaýynda ähli ýolagçylar, olaryň goşlary we ýükleri ýörite barlagdan geçmeli. Täze gözegçilik çäreleri geljek alty aýyň dowamynda hereket eder.

“Şeýle hereketler maýmyn mamasynyň HHR-e ýaýramagyna ýol bermezlik üçin serhetden geçýänleriň saglygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir” – diýlip, beýanda bellenilýär.