BYD aýda 300 müň elektrokar çykarar — Tesla şonça ulagy üç aýda çykarýar

  • 20.07.2022 09:37
  • 9.6k+

BYD kompaniýasy awtoulaglary goýbermegiň depginini ýokarlandyrýar. Onuň geljekde öňde goýan iň esasy maksady - her aýda 300 müň sany ekologik taýdan arassa ulagy öndürmekden ybaratdyr diýip, Insideevs portaly habar berýär. CNBC-niň ýatladyşy ýaly, şonça ulagy 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Amerikanyň Tesla  kompaniýasy  öndüripdi we satypdy.

Şular ýaly uly maksady nazarlamaga ähli şertler bar. Markanyň iýunda içerki bazara satan we eksport eden ulaglarynyň sany 134 000 boldy. Bu bir ýyl mundan öňki netijeden üç esse köpdür we maý aýyndaka garanyňda 20 000 ulag artykdyr. BYD-nyň 700 000 ulaga sargydy bar, şonuň üçinem kompaniýa önümçiligini giňeldäýen ýagdaýynda-da, bu golaýda oňa islegiň kemelmejegi belli.
Meýdanlary hem ýeterlik. Häzirki wagtda BYD-nyň Hytaýyň dürli sebitlerinde ýerleşen alty sany iri zawody. Ýene üç önümçilik zawodynyň gurluşygy gidýär, şolardan ikisi şu ýylyň ahyryna çenli ulanmaga berler.
BYD top-menejmenti eýýäm awgust aýynda maksat tutunan 300 000 ulagyny çykaryp başlasa gerek. Bu  tutuş 2021-nji ýylda ýerlenen 600 000 awtoulagyň deňinde gaty çynlakaý görkezijidir.


düýn 15:03
885

Xiaomi SU7 elektrokary bir zarýadda 1313 km ýol geçdi

Xiaomi kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun Xiaomi SU7 elektromobilini synagdan geçirip, Pekin — Şanhaý ugry boýunça 1313 kilometr ýol geçdi....

düýn 11:32
2k+

Hytaýda ulaglaryň heläkçilik synaglarynyň usulyýeti düýpli berkidiler

Hytaýyň awtomobil tehnologiýalary we barlaglary merkezi (CATARC) «C-NCAP» usulyýeti boýunça kraş-testleriň (heläkçilik synaglarynyň) täze, has berk maksatnamasynyň ornaşdyryljakdygyny yglan etdi. Bu täze......

düýn 08:01
3.7k+

Hytaýda awtoulag faralaryny kinoproýektora öwürdiler. Bu Huawei-iň täzeligi

Huawei kompaniýasy awtoulagyň yşyklandyryşyny, howpsuzlyk  ulgamyny we multimediýa funksiýalaryny özünde birleşdirýän we faralary doly derejeli proýektora öwürýän täzelenen xPixel tehnologiýasy bilen......

29.04.2026 16:04
8.8k+

Täze Lexus ES täzelenen dizaýna we öňküden uly göwrüme eýe boldy

Lexus kompaniýasy Pekin awtosalonynda täzelenen ES 2026 biznes-sedanyny tanyşdyrdy....