Tölegli esasda bilim alan talyplara iki ýyllyk zähmet tejribesini geçmezden diplom berler

  • 08.07.2022 23:54
  • 60k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan diplom bermek baradaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda aýdyldy.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, olary bilim görkezijileri babatda dünýäde belli okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça  zerur işleri geçirmelidigini belledi.

«Hökümetara ylalaşyklaryna laýyklykda, biz ýaşlarymyzyň daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamagyna has uly üns bermelidiris» diýip, döwlet Baştutany belledi.


düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......