Прошедший в Ашхабаде Каспийский Саммит получил широкое освещение в зарубежной прессе

  • 04.07.2022 11:28
  • 6.8k+

29-njy iýunda Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda üstünlikli geçirilen altynjy Hazar sammiti 2022-nji ýylyň esasy syýasy wakalarynyň biri boldy. Geosyýasy we geoykdysady taýdan möhüm orny eýeleýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygy dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi.

Iri halkara habarlar agentlikleri, maglumat-seljeriş portallary, teleýaýlymlar we köp sanly internet serişdeleri bu forumy hem-de onuň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklary beýan etdiler, gatnaşyjy ýurtlaryň Baştutanlarynyň çykyşlaryny, olaryň öňe süren tekliplerini, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini teswirlediler.

Türkmen paýtagtynda geçirilen sammit baradaky habary ilkinjiler bolup Russiýanyň “TASS” we “PИA Новости”,  Türkiýäniň “Anadolu”, Eýranyň “IRNA”, “Mehrnews” habarlar agentlikleri, “BRICS” ýurtlarynyň “TV BRICS” halkara media ulgamy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdiler hem-de forumyň ýokary derejesini nygtadylar. Russiýanyň “TASS” döwlet federal habarlar agentligi öz sahypalarynda forumda deňziň ekoulgamyny gorap saklamak boýunça has netijeli işleri geçirmek üçin degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmek işini çaltlandyrmagyň möhümdiginiň nygtalandygyny beýan etdi. Italiýanyň “Agenparl” metbugat agentligi Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň Hazar deňzinde dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şeýle-de Hazarýaka ýurtlaryň Baştutanlarynyň öňki duşuşyklarynda kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşýandyklaryny habar berdi.

Metbugatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çykyşyna, şeýle-de ileri tutulýan ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tekliplerine uly üns berilmegi tötänden däldir. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşyndan bölekler tutuş dünýäde millionlarça okyjysy bolan esasy habarlar agentlikleriniň sahypalarynd, meşhur internet saýtlarynda çap edildi.

“МИР” döwletara teleradiokompaniýasynyň meşhur serişdeleri — “МИР 24” teleýaýlymy hem-de maglumat-seljeriş internet portaly, sng. today,  centralasia.news saýtlary Aşgabat sammitiniň işi, onda beýan edilen teklipler hem-de forumyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar barada giňişleýin maglumatlary berdiler. Azerbaýjanyň “Report” habarlar agentligi hem öz okyjylaryny Aşgabatdaky wakalar bilen dessin tanyşdyryp, forumyň dostlukly döwletleriň özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. “Eýran-türkmen gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda okgunly ösdürilýär” diýip, “IRNA” habarlar agentligi öz sahypalarynda ýazýar.

Gazagystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermeklerine görä, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew häzirki wagtda, däp bolan logistik zynjyrlaryň bozulýan ýagdaýynda Ýewropany, Merkezi Aziýany we Hytaýy birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriň ösdürilmegi üçin Hazarüsti halkara ugruň ornunyň has-da artýandygyny belledi. “Euronews” habarlar teleýaýlymy bäş ýurduň Liderleriniň jemleýji Beýanaty kabul edendiklerini we onda sebitiň serişdelerini Hazarýaka ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda parahatçylykly maksatlarda ulanjakdyklary barada aýdylýandygyny habar berdi.


26.05.2026 01:02
4.6k+

Одежда в Казахстане начнет дорожать после введения обязательной маркировки

В Казахстане готовят новый комплексный план развития лёгкой промышленности. Он предусматривает обязательную маркировку товаров, модернизацию предприятий и расширение производства сырья внутри страны....

14.05.2026 19:01
1.9k+

В Ашхабаде обсудили стратегию развития цифровой торговли и электронной коммерции

11 и 12 мая в Ашхабаде прошли два семинара Международного торгового центра (МТЦ), посвященные регулированию цифровой торговли и электронной коммерции....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Сумма валютных сделок на торгах ГТСБТ превысила $11 млн

На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана (ГТСБТ) было зарегистрировано 17 сделок, сообщает TDH....

06.05.2026 20:34
10k+

Представители Zaha Hadid Architects примут участие на форуме «Белый город Ашхабад 2026»

Представители архитектурного бюро Zaha Hadid Architects, как ожидается, примут участие в 25-й Международной выставке и конференции «Белый город Ашхабад 2026», которая пройдёт 24–25 мая в столице Туркменистана.......