Brent nebitiniň barreliniň bahasy 111,27 dollara çenli aşaklady

  • 22.06.2022 17:04
  • 4.8k+

Geçen sessiýanyň jemi boýunça ýokary göterilmeden soň, çarşenbe güni nebitiň bahasy pese gaçyp ugrady diýip, interfax.ru habar berýär.

Londonyň ICE Futures biržasynda çarşenbe güni aşgabat wagty bilen sagat 10:20-de Brent kysymly nebitiň awgust fýuçersleriniň her barreliniň bahasy 111,27 dollar boldy, bu bolsa geçen sessiýanyň ýapylyşyndaky bahadan 3,38 dollar (2,95%) aşakdyr. Sişenbe gününiň söwdalaşyklarynyň jemi boýunça bu şertnamalar 0,52 dollar (0,5%), her barreli 114,65 dollara çenli gymmatlady.
Nýu-Ýorkuň haryt biržasynyň (NYMEX) elektron söwdalaşyklarynda WTI nebitiniň awgust üçin fýuçersleriniň bahasy häzirki wagtda barreli 105,94 dollar bolup durýar, bu bolsa geçen sessiýanyň jemi boýunça 3,58 dollar (3,27%) aşakdyr. 


13.06.2026 15:16
6.3k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
10k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....