«Barselona» Lewandowski üçin 50 mln ýewro tölemäge razy boldy

  • 21.06.2022 11:44
  • 13k+

«Barselona» «Bawariýanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski üçin 50 mln ýewro tölemäge razy boldy diýip, «AS» habar berýär. Muny championat.com ýetirýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ispan kluby Mýunheniň klubunyň öňe süren şertleri bilen ylalaşdy. «Barselonada» bu transferi ýaramaz netijeler bolmazdan ýapmaga mümkinçilik berjek maliýe meýilnamasy işlenip düzüldi. Klub oýunçyny häzirki transfer penjiresinde almak isleýär. 
Şeýle-de, Londonyň “Çelsi” klubunyň we “Pari Sen-Žermeniň” oýunça gyzyklanma bildirýändigi habar berildi. Hüjümçiniň özi metbugat maslahatlarynda Mýunheniň klubundan gitjekdigini aç-açan aýdýar. Öň, Lewandowski “Bawariýadaky” taryhynyň tamamlanýandygyny aýtdy.
2021/2022-möwsüminde Lewandowski “Bawariýa” üçin ähli ýaryşlarda 45 oýna gatnaşyp, 48 gol geçirdi we alty netijeli geçirim etdi.


şu gün 11:46
1.4k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

düýn 10:10
5.6k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.5k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4.4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....