ABŞ daşary ýurtly syýahatçylar üçin hökmany kowid barlagyny ýatyrýar

  • 11.06.2022 18:41
  • 8.1k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümeti ýurda gelýän syýahatçylardan koronawirus üçin hökmany PZR barlagyny tabşyrmak talabyny ýatyrýandygyny mälim etdi diýip, anna güni The Hill neşirine salgylanyp, Interfaks habar berýär. 

"ABŞ-yň kesellere gözegçilik ediş we öňüni alyş merkezleri ylmy maglumatlara esaslanyp, häzirki wagtda şeýle talaba zerurlygyň aradan aýrylýandygy barada karara geldiler" - diýip, ABŞ-yň prezidentiniň diwanynyň ýokary wezipeli wekili mälim etdi.

Şol bir wagtda ol, epidemiologik ýagdaý birden ýaramazlaşan ýagdaýynda, talabyň ýaňadan dikeldiljekdigini nygtady.
Testiň ýatyrylmagy üçin amerikan syýahatçylyk senagatynyň wekilleri has işeňňir çykyş etdiler.


düýn 21:03
2.4k+

Finlýandiýanyň paýtagtynda dünýäniň iň uzyn pyýada köprüleriniň biri açyldy

Helsinkide uzynlygy 1191 metr bolan «Kruunuwuorensilta» köprüsi açyldy. Ol Finlýandiýadaky iň uzyn we iň belent köpri boldy....

25.04.2026 12:45
3.5k+

Berlinde syýahatçylar şäher zibilini ýygnandygy üçin sylaglanyp başlanar

2026-njy ýylyň tomsunda Berliniň häkimiýetleri «BerlinPay» maksatnamasyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Onuň çäklerinde syýahatçylar zibil ýygnamak we jemgyýetçilik başlangyçlaryna gatnaşmak arkaly medeni......

24.04.2026 10:18
5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady

Wýetnam daşary ýurtly syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady. Bu ulgam ilki bilen Hoşimin şäherindäki Tanşonnýat howa menzilinde işläp başlady. Soňlugy bilen ony beýleki giriş......

23.04.2026 18:16
8k+

Asman aýagyň astynda: Ýaponiýanyň Hitaçi seýilgähinde millionlarça mawy nemofila gülledi

Ýaponiýanyň «Hitachi Seaside» seýilgähinde millionlarça nemofila gülleriniň gülleýän möwsümi başlandy. Bu täsinlik aprel aýynyň ortalaryndan maýyň başyna çenli dowam eder....