Putin: "Şu ýylyň birinji çärýeginde türkmen-rus söwda dolanyşygy 45% ýokarlandy"

  • 11.06.2022 08:30
  • 15k+

Şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Russiýanyň özara söwda dolanyşygy 45 göterim ýokarlandy. Bu barada 10-njy iýunda geçirilen ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleriniň jemleri boýunça metbugat wekillerine ýüzlenmesinde Prezident Wladimir Putin habar berdi.

Hususan-da, Wladimir Putin Russiýanyň Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Geçen ýyl ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy 865 million dollara barabar boldy. Haryt we maýa goýum alyşmalaryny, maýa goýum mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň üstünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar netijeli işleýär. Ýakynda geljegi uly bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak hem-de iki ýurduň özara hasaplaşyklarynda milli pullary ulanmak tejribesini giňeltmek üçin bu toparyň rus tarapyndan başlygy Aşgabatda boldy.

Öz gezeginde, Prezident Serdar Berdimuhamedow: "Ykdysady hyzmatdaşlyk diňe bir energetika ulgamyna däl, eýsem, senagat, ulag, düzümleýin gurluşyk we beýleki ulgamlara hem degişlidir. Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan awtoulaglaryň, deňiz we awiatehnikalaryň köp mukdaryny satyn almak bilen bir hatarda, Russiýanyň kompaniýalaryna ýurdumyzyň çägindäki iri ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär" diýip nygtady.


düýn 20:14
842

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.5k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 16:01
1.8k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....