Гутерриш заявил о беспрецедентной угрозе для океанов и человечества

  • 09.06.2022 06:17
  • 12k+

Umman Ýer ýüzündäki kislorodyň 50%-den gowragyny öndürýär we milliarddan gowrak adam üçin esasy ýaşaýyş çeşmesi hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, ummanyň baýlyklary we biodürlülik adamyň işi sebäpli howp astyna galýar. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň Bütindünýä ummanlar güni mynasybetli ýüzlenmesinde aýdylýar. Ol 8-nji iýunda bellenilýär diýip, BMG-niň saýty habar berýär.

BMG-niň Baş sekretary geçen ýyl klimatyň dört möhüm görkezijisiniň görlüp-eşidilmedik derejä ýetendigini ýatladýar: bu deňiz derejesiniň ýokarlanmagy; ummanyň gyzmagy; umman kislotasynyň ýokarlanmagy; bug gazlarynyň konsentrasiýasy. “Üç hili çökgünligiň, klimatyň üýtgemeginiň, biodürlüligiň ýitmeginiň we hapalanmanyň ahyrky netijede biziň garaşly bolan ummanlarymyzyň ýagdaýyna howp salýandygy düşnüklidir” – diýip, Guterriş  belleýär.

Umman bilen baglanyşykly pudaklarda 40 mln töweregi adam işleýär. Ýöne adamyň işjeňligi sebäpli ummanyň baýlyklary we biodürlülik howp astyna galýar: dünýädäki balyk gorlarynyň üçden birinden gowragy bilogiki taýdan durnuksyz derejede ýygnalýar; merjen gaýalaryň ep-esli bölegi ýok edildi, plastmassa zyňyndylaryny bolsa häzirki wagtda has uzakdaky adalarda we ummanyň çuň ýerlerinde-de tapyp bolýar. “Kenarýaka “öli” zolaklarynyň meýdany barha artýar” – diýip, BMG-niň ýolbaşçysy duýdurýar.

Guterriş “tebigata garşy däl-de, onuň bilen bilelikde” işlemäge we ummanlary goramak meselesinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy.

Ol belli bir öňegidişligiň bardygyny belledi: geçen ýylyň noýabr aýynda Glazgoda geçirilen klimatyň üýtgemegi baradaky konferensiýada deňiz ekoulgamlarynyň klimat üýtgemeleriniň öňüni almakdaky roly tassyklandy, mart aýynda bolsa ýurtlar plastik bilen hapalanmany bes etmäge gönükdirilen täze şertnamanyň üstünde bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.

Iýun aýynda Lissabonda umman barada BMG-niň konferensiýasy geçiriler, oňa gatnaşyjylar durnukly ösüş ugrundaky 14-nji maksadyň ýerine ýetirilişini, şeýle-de milli ýurisdiksiýanyň çäginden daşary sebitlerde deňziň biologik dürlüligini gorap saklamak we durnukly ulanmak barada täze şertnamany ara alyp maslahatlaşarlar.

“Ummanyň sagdyn ýagdaýyny we öndürijiligini üpjün etmek – biziň toparlaýyn jogapkärçiligimiz bolup, biz ony diňe umumy güýç bilen ýerine ýetirip bileris. Şu gün, Bütindünýä ummanlar güni mynasybetli men Dünýä ummanynyň saglygy barada alada edýänleriň hemmesini ony dikeltmek üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrýaryn” – diýip, BMG-niň ýolbaşçysy belledi.


11.03.2026 23:51
3.8k+

Спикер Меджлиса Туркменистана обсудила сотрудничество с региональным директором Международной организации труда

11 марта состоялась встреча председателя Меджлиса Туркменистана Дуньягозель Гулмановой с региональным директором Международной организации труда по Европе и Центральной Азии Петером ван Роем. Об этом сообщили на сайте туркменского парламента...

07.03.2026 07:35
13k+

Вепа Хаджиев назначен постпредом Туркменистана при ООН

Новым постоянным представителем Туркменистана при Организации Объединённых Наций в Нью-Йорке назначен Вепа Хаджиев, сообщает госинформагентство TDH.  Соответствующий указ 6 марта подписал президент Сердар Бердымухамедов...

07.03.2026 07:35
17k+

Аксолтан Атаева спустя 32 года освобождена от должности постпреда Туркменистана при ООН

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов 6 марта подписал указ об освобождении Аксолтан Тореевны Атаевой от должности постоянного представителя Туркменистана при Организации Объединённых Наций (штаб-квартира в городе Нью-Йорк, США)...

06.03.2026 08:45
1.7k+

Состоялась встреча с региональным представителем УВКПЧ ООН для Центральной Азии

4 марта состоялась встреча заместителя министра иностранных дел Туркменистана Мяхри Бяшимовой с региональным представителем Управления Верховного Комиссара ООН по правам человека для Центральной Азии (УВКПЧ ООН) Матильдой Богнер...