Lexus RX krossoweriniň täze nesli bilen tanyşdyrdy

  • 03.06.2022 12:41
  • 21k+

Lexus RX krossoweriniň täze nesli bilen tanyşdyrdy. Bu eýýäm RX-iň bäşinji neslidir. Täze modeliň esasy aýratynlyklary barada gürrüň berýäris.

RX-iň bäşinji nesli täze platformanyň üstünde gurlandyr — ol GA-K ( TNGA-nyň arhitekturasy) diýip belgilendi. Onuň aýratynlygy yzky täze podweskasyndadyr. Ol indi McPherson-nyň ýerine köpryçaglydyr. 2022-nji ýylyň Lexus RX-i, özünden öňki bilen deňeşdirilende, kuzowy gatyrak, onuň agyrlyk merkezi 15 mm pes, ulagyň özi bolsa 90 kg ýeňil çykdy. Ulagyň ganatlary we kapoty alýuminden ýasalansoň, agramy şeýle azaltmak mümkin boldy. Lexus RX geçen neslinden ýaýbaň (+25 mm, indi 1920 mm). Şol ýagdaýda teker bazasy 60 mm ulaldy.
Hereketlendiriji: diňe 4 silindr. V6 indi ýok. Bazalaýyn wersiýasy — bu motorynyň göwrümi 2,4 litr we kuwwaty 279 at güýjüne deň bolan (alynky ýa-da doly herekete getiriji) Lexus RX 350-dir.


04.07.2025 19:03
9.7k+

Audi we Volvo täze 2025-nji ýyl awtoulaglaryň hili boýunça düzülen reýtingde iň soňky orunlary eýelediler

J.D. Power amerikan kompaniýasy tarapyndan geçirilen 2025-nji ýylyň täze awtoulaglarynyň hil derejesi boýunça barlag dürli awtoulag brendleriniň ygtybarlylygynda uly tapawutlaryň bardygyny ýüze çykardy. Pikir soraşma 92 694 sany adam gatnaşyp, olar ulaglaryny satyn alan pursadyndan başlap, ilkinji 90 gününiň dowamyndaky ýagdaýyna baha berdiler...

02.07.2025 11:34
11k+

Lexus Hytaýda täze zawodynyň gurluşygyna başlady

Lexus kompaniýasy elektromobil önümçiligi boýunça Hytaýdaky ilkinji zawodynyň gurluşygyna başlady. Kärhana Şanhaý şäheriniň golaýynda ýerleşer we ilkinji awtoulaglar konweýerden 2027-nji ýylda çykyp başlar diýip, CarNewsChina neşiri habar berýär...

25.06.2025 10:15
8.5k+

Lexus Toyota Supra-nyň kaşaň görnüşini çykarar 

Toyota GR Supra sport kupesiniň täze neslini işläp taýýarlaýar. Ýapon metbugatynyň habaryna görä, bu modeliň Lexus brendi astynda analogy peýda bolar. Iki awtoulag hem umumy platformada gurlar we gibrid elektrik güýç gurluşyny alar...

24.05.2025 13:08
10k+

Ýewropada täze Lexus ES hödürlendi

Ýewropada sekizinji nesil Lexus ES ulagynyň premýerasy boldy. Täze wersiýa ozal Demirgazyk Amerikada hödürlenen modelden tapawutlanýar. Ýewropa bazary üçin niýetlenen model gibrid we doly elektrik görnüşlerde elýeterli bolar...