Serdar Berdimuhamedow söwda toplumynyň işine nägilelik bildirdi

  • 07.05.2022 09:17
  • 35k+

6-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde söwda ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer Ç.Gylyjowyň işine nägilelik bildirildi.

Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak barada berlen tabşyryklara garamazdan, şu ýylyň geçen dört aýynda azyk harytlarynyň daşary ýurtlardan getirilýän möçberiniň artandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda özümizde öndürip boljak ýeralma, sogan, sarymsak, miweler, un, ýag we beýleki azyk önümleri, käbir senagat harytlary bar. Şoňa görä-de, ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak we öz öndürip biljek önümlerimiziň daşary ýurtlardan getirilýän möçberlerini azaltmak boýunça işler güýçlendirilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça berlen tabşyrygy ýerine ýetirmegi üpjün etmändigi we garamagyndaky söwda ulgamynyň edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadyp, korrupsiýa ýol berlendigi, un, ösümlik ýagy ýaly azyk önümlerini ilata ýerlemekde düzgün bozmalaryň öňüniň alynmandygy üçin, berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.


сегодня 07:51
214

Представители Меджлиса Туркменистана участвуют в семинаре в Пекине

Представители Меджлиса Туркменистана принимают участие в семинаре «Повышение роли законодательных органов и укрепление сотрудничества Китай – Центральная Азия», который проходит в Пекине с 22 по 28 июня. Об......

вчера 23:05
1.1k+

Мередов встретился с завершающим свою миссию послом Германии

24 июня министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов провёл встречу с чрезвычайным и полномочным послом Федеративной Республики Германия в Туркменистане Берндом Хайнсом, завершающим свою дипломатическую......

вчера 16:45
855

Делегация Туркменистана участвует в Форуме развития Фонда ОПЕК в Вене

Делегация Туркменистана во главе с председателем правления Государственного банка внешнеэкономической деятельности Туркменистана Рахымберди Джепбаровым принимает участие в Форуме развития Фонда ОПЕК 2026.......

23.06.2026 22:17
2k+

Туркменистан и ЕС провели 18-й Диалог по правам человека

22 июня в Министерстве иностранных дел Туркменистана состоялся 18-й Диалог по правам человека между Туркменистаном и Европейским союзом. Об этом сообщает пресс-служба внешнеполитического ведомства....