Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerine Hökümet mejlislerine onuň orunbasary gatnaşar

  • 07.05.2022 09:19
  • 47k+

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerine Hökümetiň mejlislerine, dürli maslahatlara onuň orunbasary Kasymguly Babaýew gatnaşar. Bu barada Hökümetiň 6-njy maýda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp sanly jemgyýetçilik işlerini alyp barýandygyny, Haýyr-sahawat gaznasyna ýolbaşçylyk edýändigini, dürli kanunlaryň taýýarlanylmagyna we kabul edilmegine gatnaşýandygyny, welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde iş saparlarynda bolýandygyny aýdyp, Hökümetiň mejlislerine, dürli maslahatlara gatnaşmagy öz orunbasary K.Babaýewe tabşyrandygyny habar berdi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Karary esasynda hukuk bilermenler topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak işini alyp barýar. Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň bäşinji mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunlar ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan makullanyldy.

Halk Maslahatynyň agzalary halkara maslahatlara, sanly ulgam arkaly dürli derejedäki çärelere gatnaşdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygyna hem-de Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirilýär.


düýn 22:55
213

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......