Benzema Çempionlar ligasynyň iň gowy bombardiri boldy we rekord goýdy

  • 27.04.2022 17:19
  • 16k+

Madridiň “Realynyň” fransiýaly hüjümçisi Karim Benzema Çempionlar ligasynyň “Mançester Siti” bilen birinji ýarym final oýnunda iki gol geçirip, ýaryşyň bombardirler sanawynda birinji orna çykdy. Duşuşyk Mançesterde geçirildi we hojaýynlaryň peýdasyna 4:3 hasabynda tamamlandy.

“Real” üçin 600-nji oýunda fransiýaly häzirki ýaryşda 14 gol salyp, “Bawariýanyň” polşaly hüjümçisi Robert Lewandowskini (13) birinji setirden gysyp çykardy. Çempionlar ligasyna häzirki gatnaşyjylardan fransiýaly oýunçynyň ýakyn bäsdeşi “Liwerpulyň” müsürli hüjümçisi Mohamed Salahdyr (8). 
Häzirki möwsümde diňe Benzema bilen Lewandowskiý ähli ýaryşlarda 40 gol belligine ýetdi. 
Benzema – Çempionlar ligasynyň taryhynda dördünji bombardir (139 oýunda 85 gol). Bu sanawda portugaliýaly Kriştianu Ronaldu birinji orny eýeleýär (140), onuň yzyndan Lionel Messi (125) we Lewandowskiý (86) gelýär.
Şeýle-de, Benzema Çempionlar ligasynyň taryhynda liganyň bir möwsüminiň pleý-offunyň myhman oýunlarynda bäş gol geçiren ilkinji oýunçy boldy. “Çelsi” bilen dörtden bir final duşuşygynda ol öz hasabyna üç gol ýazdy. 


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......